Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň daşary işler ministri Orsýet bilen gepleşik üçin Türkiýä bardy


Ukrainanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri Dmytro Kuleba (ç) we Sergeý Lawrow (s)

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikler geçirmek üçin Türkiýä bardy.

Kuleba "Russiýanyň harby hereketlerini bes etmek we Ukraina garşy urşuny ýatyrmak baradaky gepleşiklere gatnaşmak üçin Türkiýä saparyna başlady" -diýip Ukrainanyň DIM-niň Twitter arkaly ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Duşuşyk Russiýanyň gabaw astyndaky Gara deňiz porty Mariupolda çaga dogrulýan hassahana hüjüminden bir gün soň bolup geçdi, bu wakada azyndan 17 adam ýaralandy, ýagdaý halkara ýazgaryş tolkunyna sebäp boldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Ortaýer deňziniň Antalýa kurortynda geçiriljek Lawrow bilen Kulebanyň arasyndaky duşuşygyň "oduň hemişelik togtamagyna gapy açjakdygyna" umyt edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG