Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: Ukrainada uruşyň başyndan bäri 18 saglyk edarasyna hüjüm edildi


Mariupoldaky çaga dogrulýan öýüň oka tutulmagynyň netijesindäki weýrançylyk, 9-njy mart, 2022
Mariupoldaky çaga dogrulýan öýüň oka tutulmagynyň netijesindäki weýrançylyk, 9-njy mart, 2022

Russiýa iki hepde öň Ukraina bilkastlaýyn çozup başlaly bäri 18 sany lukmançylyk merkezine hüjüm etdi, diýip Bütindünýä saglyk guramasy Russiýanyň howa zarbasy zerarly Gara deňziň Mariupol portundaky çaga dogrulýan öýüň weýran bolmagynyň yzýany aýtdy.

Mariupola edilen hüjüm on müňlerçe ukrain raýatynyň Russiýanyň yzygiderli bombalanmagy sebäpli sebitleri terk etmäge synanyşýan mahaly ýüze çykdy. Hüjümler diplomatiýa tagallalaryna we Günbataryň Moskwa garşy sanksiýalaryna garamazdan, azalmaýana meňzeýär.

Ukrain resmileriniň azyndan 17 adam ýaralandy diýip, habar berýän bu hüjümi, beýlekiler bilen bir hatarda Waşington, London we Watikan tarapyndan ýazgarylmagyna sebäp boldy.

Diplomatik frontda ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 10-njy martda Warşawada Polşanyň ýolbaşçylary bilen Russiýanyň çozmagy barada gepleşik geçirýär, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen duşuşmak üçin Türkiýä barýar.

Mariupol keselhanasynda bolan partlama, parahat ilatyň Ukrainanyň töweregindäki birnäçe gabalan şäherlerden gaçmagyna ýol açmak üçin döredilen ynsanperwerlik koridorlaryndan söweşleriň dowam etmegi zerarly peýdalanyp bilmeýän pursadynda ýüze çykdy. Ýüzlerçe müň adam Moskwanyň sebäpsiz çozmagy sebäpli esasy zerurlykdan mahrum edildi.

Bütindünýä saglyk guramasy 9-njy martda Russiýanyň çozmagyndan iki hepde soň lukmançylyk edaralaryna 18 hüjümiň bolandygynyň tassyklandygyny we söweş başlanaly bäri saglyk öýlerine we tiz kömek ulaglaryna edilen hüjümlerde 10 adamyň ölendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG