Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri hüjümiň başyndan bäri ilkinji duşuşyk geçirýär


Ukrainanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri Dmytro Kulebanyň (sag tarapda) we Sergeý Lawrowyň (çep tarapda) duşuşygy Türkiýäniň kurort şäheri Antalýada geçýär. Gepleşiklere Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu (ortada) gatnaşýar.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyga başlady, bu geçen aý Moskwanyň goňşusyna esassyz çozuş edeninden bäri iki ýurduň arasyndaky ilkinji ýokary derejeli gepleşik.

Iki tarapyň resmileri Ukrainadaky söweşleriň 15-nji güni geçýän duşuşygyň Türkiýäniň kurort şäheri Antalýada başlanandygyny tassykladylar.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu hem gepleşiklere gatnaşýar. Ol duşuşygyň Russiýa bilen Ukrainanyň prezidentleriniň arasyndaky gepleşiklere tarap ädim boljagyny maksat edinýär.

Duşuşyk Russiýanyň gabaw astyndaky Gara deňiz porty Mariupolda çaga dogrulýan hassahana hüjüminiň bir gün yzýanyna gabat geldi. Wakada azyndan 17 adam ýaralandy, ýagdaý halkara ýazgaryş tolkunyna sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG