Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 30 ýyllyk däbe eýerip, prezident saýlawlarynda ýene zenan dalaşgär çykarmady


Illýustrasiýa suraty. Saýlawçy ýaş juwanlar.
Illýustrasiýa suraty. Saýlawçy ýaş juwanlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda zenan dalaşgärleriň ýokary döwlet wezipesine hödürlenilmezliginiň töweregindäki meselelere hem-de Türkmenistanda zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik işlerine gatnaşygynyň töweregindäki ýagdaýlara gönükdirilýär.

Türkmenistanda 12-nji martda irki prezident saýlawlary geçirildi. Türkmenistan 30 ýyllyk däbe eýerip, bu sapar hem prezident saýlawlarynda zenan dalaşgär çykarmady.

Saýlawlarda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda dokuz dalaşgär ýokary döwlet wesipesine dalaş etdi. Olaryň arasynda zenan maşgala ýok. Galyberse-de, prezidentiň oglundan başga dalaşgärleriň hiç haýsy ozal ýurduň syýasy sahnasynda tanalmaýardy.

Prezident wezipesine öz dalaşgärligini yglan eden oppozisiýa wekilleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alnan dalaşgärleriň sanawyna goşulmady.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda zenan dalaşgärleriň ýokary döwlet wezipesine hödürlenilmezliginiň töweregindäki meselelere hem-de Türkmenistanda zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik işlerine gatnaşygynyň töweregindäki ýagdaýlara gönükdirilýär.

Bu günki söhbetdeşlige Pragadan Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Gözel Hudaýberdiýewa gatnaşdy.

Türkmenistan 30 ýyllyk däbe eýerip, prezident saýlawlarynda ýene zenan dalaşgär çykarmady
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG