Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýiten türkmen studentiniň garyndaşlaryna onuň ölendigi barada resmi habar berildi


Serdar Annaorazow
Serdar Annaorazow

Ukrainada dereksiz ýiten türkmen studentiniň garyndaşlaryna onuň ölendigi barada resmi habar berildi. Türkmenistanyň raýaty Serdar Annaorazow mart aýynyň başynda ýitirim boldy.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşirine görä, 8-nji martda Serdar Annaorazowyň ejesine IMO arkaly jaň gelip, oglunyň ölendigi we jesediniň Nikolaýewdäki morgdadygy habar berilipdir. Jaň eden özüni Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň işgäri hökmünde tanadypdyr.

"Ol ejesi garşy bolmasa, jesediň Nikolaýewde jaýlanjakdygyny, sebäbi häzirki şertlerde ony watanyna eltip bolmaýandygy aýtdy" diýlip 10-njy martda çap edilen maglumatda aýdylýar.

11-nji martda Kiýewdäki türkmen ilçihanasy studentiň ölendigini Azatlyk Radiosyna tassyklady. Azatlyk bilen telefonda gürleşen ilçihananyň wekili bu barada merhumyň garyndaşlaryna habar berlendigini aýtdy, ýöne mundan başga maglumat bermedi.

Studentiň ölümine sebäp bolan ýagdaýlar nämälim galýar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" Annaorazowyň maşgalasyna öz hossarynyň ölümi barada ajy habaryň onuň ýitirim bolandygy barada maglumatyň çap edilmeginiň ertesi gowşandygyny belleýär.

7-nji martda “Türkmenistanyň Hronikasy" Türkmenistanyň raýaty we Nikolaýewiň Admiral Makarow adyndaky uniwersitetiniň soňky ýyl talyby Serdar Annaorazowyň Ukrainada ýitirim bolandygyny habar beripdi. Neşir şonda ýigidiň soňky gezek 28-nji fewralda ene-atasyna jaň edendigini aýdypdy.

"Serdar Aşgabatdaky ene-atasyna soňky gezek 28-nji fewralda jaň etdi. Ol olara üç gün bäri özüniň we dostlarynyň ok atyşyklardan ýerzeminde gizlenýändigini aýtdy. Şondan soň Serdar jaňlara jogap bermedi" diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Habara görä, Serdaryň ejesi oglunyň ýoldaşlarynyň biri, büzmeýinli K. bilen telefon arkaly habarlaşmagy başarýar. Ol Serdaryň ejesine 1-nji martda özüniň, Serdaryň we daşoguzly başga bir oglanyň azyk we suw üçin ýerzeminden çykandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, neşiriň büzmeýinli oglanyň Serdaryň ejesine aýdan sözlerini sitirläp, beren maglumatyna görä, türkmen ýigitleri esgerler saklapdyr, resminamalary barlapdyr we olaryň içalydyklaryny ýa-da olara boýun bolmaga taýýardyklaryny anyklap başlapdylar. K. we daşoguzly oglan tassyklaýjy jogap berdiler. Serdar söweş hereketlerine gatnaşmandygyny we hiç kimiň tarapynda gatnaşmajakdygyny, bu ýere okamak üçin gelendigini aýdypdyr. Şondan soňra, maglumata görä, esgerler olaryň kellerine halta geýdirýärler. Olar awtomatdan ot açylandygyny eşidýärler. Olary bir ýerlere alyp gidýärler. Haltalar aýrylanda, K-nyň gapdalynda diňe daşoguzly oglan bolup, esgerler Serdaryň nirededigi baradaky soraga jogap bermeýärler we olara ýerzemine dolanmagy hem-de ýuwaş oturmagy maslahat berýärler.

"Serdaryň ýoldaşlary onuň jesedini görmediler we öldürilendigini tassyklap bilmeýärler. Bir az wagt geçensoň, K. jaňlara jogap bermegi bes edýär" diýlip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň 7-nji martda çap eden habarynda aýdylýar we Serdaryň ene-atasynyň ýitirim bolan ogluny tapmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutandygyny belleýär.

Neşiriň soňky maglumatyna görä, Serdaryň ejesi oglunyň ölümi barada habar beren adamdan çagasynyň jesedini, jaýlanyş çäresini we mazaryny surata düşürip ibermegi haýyş edipdir, ýöne jaň eden ýagdaýyň üýtgändigini, Ilçihananyň hiç zat edip bilmejegini aýdypdyr.

Şu wagt Nikolaýewdäki ýagdaý kynlygyna galýar, şäher köpçülikleýin hüjümlere sezewar bolýar we içerki ýagdaýlar barlagy gaty kynlaşdyrýar. Nikolaýew şäherinde, Ukrainanyň Çernigow, Harkow we Kiýew sebitlerinde, Kiýew, Dnipro we Çerkasy şäherlerinde bolşy ýaly, komendant sagady saklanýar.

Russiýa 24-nji fewralda Ukrainada söweşi başlaly bäri, ýurtdaky türkmen raýatlary beýleki bosgunlar bilen birlikde goňşy ýurtlara göçmäge synanyşýarlar. Türkmen häkimiýetleri uruş zerarly heläkçilige uçran Ukrainada galan türkmenleriň sany barada düşündiriş bermeýärler. Ukrainadaky ýagdaý barada Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri habar bermeýärler.

BMG-niň Bosgunlar edarasyna görä, 11-nji marta çenli 2,5 million adam Ukrainany terk etmäge mejbur bolupdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG