Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TH: Ukrainada türkmenistanly student ýitirim boldy


Serdar Annaorazow. "Türkmenistanyň hronikasy" neşirinden alnan surat.

Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda türkmenistanly bir student dereksiz ýitirim boldy diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri habar berýär. Neşiriň 7-nji martda ýaýradan habaryna görä, talyp Serdar Annaorazow Ukrainanyň Nikolaýew şäherindäki admiral Makarow adyndaky uniwersitetde soňky kursda okaýardy.

"Serdar Aşgabatdaky ene-atasyna soňky gezek 28-nji fewralda jaň etdi. Ol olara üç gün bäri özüniň we dostlarynyň ok atyşyklardan ýerzeminde gizlenýändigini aýtdy. Şondan soň Serdar jaňlara jogap bermedi" diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Habara görä, Serdaryň ejesi oglunyň ýoldaşlarynyň biri, büzmeýinli K. bilen telefon arkaly habarlaşmagy başarýar. Ol Serdaryň ejesine 1-nji martda özüniň, Serdaryň we daşoguzly başga bir oglanyň azyk üçin ýerzeminden çykandygyny aýtdy.

"Büzmeýinli oglanyň sözlerine görä, türkmen oglanlaryny özlerini rus goşunynyň agzalary diýip tanyşdyran esgerler saklaýar. Esgerler resminamalary barladylar we olaryň içalydyklaryny ýa-da olara boýun bolmaga taýýardyklaryny anyklap başladylar. K. we daşoguzly oglan tassyklaýjy jogap berdiler. Serdar söweş hereketlerine gatnaşmandygyny we hiç kimiň tarapynda gatnaşmajakdygyny, bu ýere okamak üçin gelendigini aýtdy" diýip, neşir büzmeýinli oglanyň Serdaryň ejesine aýdan sözlerini sitirleýär.

Aýdylmagyna görä, şondan soňra esgerler olaryň kellerine halta geýdirýärler. Olar awtomatdan ot açylandygyny eşidýärler. Olary bir ýerlere alyp gidýärler. Haltalar aýrylanda, K-nyň gapdalynda diňe daşoguzly oglan bolup, esgerler Serdaryň nirededigi baradaky soraga jogap bermeýärler we olara ýerzemine dolanmagy hem-de ýuwaş oturmagy maslahat berýärler.

"Serdaryň ýoldaşlary onuň jesedini görmediler we öldürilendigini tassyklap bilmeýärler. Bir az wagt geçensoň, K. jaňlara jogap bermegi bes edýär. Serdaryň ene-atasy ogluny tapmak haýyşy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutdy. Diplomatik missiýanyň işgäriniň sözlerine görä, olar Ukrainanyň Daşary işler ministrligine hat iberipdirler we olara häzirki wagtda oglunyň ykbaly barada hiç hili maglumat alyp bolmajakdygy barada jogap gelipdir" diýip, habarda aýdylýar.

Azatlyga bu aýdylanlary öz habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy urşa başlany bäri bu ýurtdaky türkmen raýatlary, beýleki bosgunlar bilen bir hatarda, ýaragly çaknyşyklardan özbaşdak çykalga gözläp, goňşy ýurtlara gaçmaga synanyşýarlar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen studentlerine ýardam berip başlandygy habarlar gelip gowuşsa-da, türkmenistanlylar bu ýardamyň ýeterlik däldigini, konfliktden özbaşdak guramaçylyk bilen goňşy ýurtlara gaçmaga çalyşýandyklaryny ençeme gezek habar berdiler.

Bu synanyşyklaryň arasynda, käbir türkmenistanlylar sag-aman goňşy ýurtlara, şol sanda Polşa, Bolgariýa we Rumyniýa aşan bolsa, käbirleri agyr ýagdaýlara duçar bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri Ukrainadaky uruş we bu ýurtda söweşiň arasynda galan türkmenistanlylar, olaryň sany, olara ýardam berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýär. Bu barada döwlet media serişdeleri hem dymýar.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligine görä, 5-nji marta çenli Ukrainadan 130 müň daşary ýurt raýaty, şol sanda 1 müň 700 türkmen talyby ewakuasiýa edildi. BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligine görä, 6-njy marta çenli Ukrainadan gaçmaga mejbur bolan bosgunlaryň umumy sany 2 million adamdan aşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG