Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenki Russiýanyň Ukraina has köp goşun iberýändigini aýdýarka, Kiýewiň daşynda güýçli söweşiň bolandygy habar berilýär​​​​​​​


Wolodymyr Zelenski

Ukrain paýtagtynyň töwereginde we beýleki esasy şäherlerde söweş möwjän mahaly, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýewropaly kärdeşleri bilen geçiren telefon gepleşigi wagtynda Ukraina sebäpsiz çozuşyny bes etmäge gyzyklanma görkezmedi.

12-nji martda rus lideri bilen geçirilen üç taraplaýyn telefon gepleşiginde Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Putini söweşi duruzmaga we ot açmagy dessine bes etmäge razy bolmaga çagyrdy.

Makronyň edarasy Putiniň parahat ilatdan ýüzlerçe adamy öldürendigi çaklanylýan we Ýewropada uly migrasiýa krizisini döreden urşuny bes etmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

24-nji fewraldan bäri rus goşunlary parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerini weýran edip, bigünä adamlary öldürýär.

Iň agyr söweşleriň käbiri Ukrainanyň gündogaryndaky esasy port şäheri Mariupolda bolup geçýär. Bu ýerde rus goşunlary bäbekhana hüjüm edip, ýaşaýyş jaýlaryny partladyp, şäheri weýran etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG