Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain bazasyna edilen rus howa zarbasynda azyndan 35 adam öldi, başga-da 134 sanysy ýaralandy


Saglyk işgärleri, Ukrainanyň günbataryndaky Ýaworiw harby bazasyna edilen hüjümden soňra, ýaralanan esgeri alyp barýarlar.

Ukrainanyň Polşa bilen serhediniň golaýyndaky harby bazasyna edilen rus howa zarbasynda azyndan 35 adamyň ölendigi we başga-da 134 sanysynyň ýaralanandygy habar berilýär. Bu waka, ukrain resmileri Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozuşa başlany bäri 85 çaganyň öldürilendigini habar beren mahaly, Ukrainanyň beýleki ýerlerinde rus bombalarynyň parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerini nyşana almagy dowam etdirýändigi hakda maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

360 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Ýaworiw halkara parahatçylygy goraýyş we howpsuzlyk merkezi Ukrainanyň Polşa bilen serhedinden 25 km uzaklykda ýerleşýär we bu desga ýurduň günbatar bölegindäki iň uly harby bazadyr. Ukraina harby türgenleşikleriniň köpüsini NATO ýurtlary bilen geçirýär.

Sebit häkimi Maksym Kozytskiý rus uçarlarynyň desganyň ýerleşýän ýerine 30 töweregi raketa atandygyny aýdyp, olaryň käbirleriniň howada saklanandygyny sözüne goşdy.

Atylan we ýarylan raketalar azyndan 35 adamy öldürdi we başga-da 134 sanysyny ýaralady diýip, ol aýtdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankiwski sebitiniň häkimi şäheriň aeroportunyň nyşana alnandygyny aýtdy.

"Deslapky maglumata görä, şu gün irden bolan partlamalar howa menziline edilen hüjümiň [netijesinde boldy]" diýip, häkim Ruslan Martsinkiw Facebookda ýaýradan maglumatynda aýtdy.

Ukrainanyň başga bir sebitinde, Russiýanyň 13-nji martda Çernihowdaky köp gatly ýaşaýyş jaýyna eden raketa zarbasynda bir adam öldi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy diýip, tiz kömek işgärleri habar berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG