Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň Ukraina çozuşyna garşy geçirilýän protestlerde 300-e golaý adam tussag edildi


Moskwanyň polisiýa işgärleri Putiniň Ukraina çozuşyna garşy geçirilýän protestlere gatnaşan bir admay alyp barýar. 13-nji mart, 2022 ý.

13-nji martda Russiýanyň köp ýerinde Wladimir Putiniň Ukraina sebäpsiz çozuşyna nägilelik bildirmek üçin demonstrasiýalar geçirilýär. Bu demonstrasiýalarda polisiýa tarapyndan 300-e golaý adam tussag edildi.

Protestler wagtynda tussag edilmelere gözegçilik edýän "OVD-Info" Russiýanyň 25 şäherinde geçirilen demonstrasiýalar döwründe polisiýanyň 292 adamy tussag edendigini aýtdy.

Rus paýtagty Moskwada geçirilen demonstrasiýa baran AFP žurnalisti azyndan onlarça adamyň tussag edilendigine şaýat boldy. Ol polisiýanyň metbugat kagyzy bolmadyk islendik adamy alyp gidendigini aýtdy.

Bir ýaş aýal iki polisiýa işgäri tarapyndan alnyp gidilende "dünýä parahatçylyk" diýip gygyrýardy diýip, AFP habar gullugy aýtdy.

Russiýanyň ikinji şäheri Sankt-Peterburgda AFP ençeme adamyň tussag edilendigini, şol sanda bir protestçiniň ýere süýrelip alnyp gidilendigini gördi.

Şäheriň merkezi Newskiý şaýoly polisiýa tarapyndan ýapyldy. Ýoluň ugrunda onlarça polisiýa awtoulagy ýerleşdirildi.

Geçen dynç günleri polisiýa Russiýanyň çäginde 5 müňden gowrak protestçini tussag etdi.

Protestçiler köçelere çykmak bilen, jerime tölemek we türme tussaglygyna höküm edilmek ähtimallygy ýaly töwekgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Rus goşuny 24-nji fewralda Ukraina çozuşa başlaly bäri, Russiýada urşa garşy protestlere gatnaşandygy üçin 14 müň 200-den gowrak adam tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG