Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda prezident saýlawlary: Bütin gije býulletenleri Serdaryň bähbidine üýtgetdiler


Býulletenler adaty A4 ölçegli kagyza çap edilipdir.
Býulletenler adaty A4 ölçegli kagyza çap edilipdir.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 97 göteriminden gowragy ses berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ses berişlikde köpçülikleýin düzgün bozulmalaryň bolandygyny we saýlawyň netijelerini galplaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini habar berýärler. Mundan başga-da, Azatlygyň Türkmenistanyň bir welaýat administrasiýasyndaky çeşmesi 13-nji mart gijesinde "nädogry kandidata" ses berlen saýlaw býulletenleriniň ählisiniň çalşylandygyny habar berdi.

12-nji martda agşam Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklar geçirmek boýunça merkezi komissiýa saýlawlarda ses berişligiň tamamlanandygyny habar berdi we bu saýlawlara saýlawçylaryň 97,12 göteriminiň gatnaşandygyny öňe sürdi.

Ýöne ses berişlik köpçülikleýin düzgün bozmalar bilen geçirildi diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Azatlygyň ýurduň bir welaýat administrasiýasyndaky çeşmesi 13-nji mart gijesinde "nädogry kandidata" ses berlen saýlaw býulletenleriniň ählisiniň üýtgedilendigini habar berdi.

“Saýlaw uçastoklary sagat 19:00-da ýapyldy. Emma häkimlik ähli saýlaw uçastoklaryna “zerur netijeler” bolýança hasabat ibermezlik barada görkezme berdi. Ýagny, köp bolmadyk möçberdäki saýlaw býulleteninde Serdar [Berdimuhamedow] bellenilipdir. Beýleki dalaşgärler üçin köp ses berlipdir. Bütin gije täze býulletenlerde Serdaryň adynyň gapdalynda bellik goýdular. Diňe şondan soň, ýary gijeden soň, häkimlik býulletenleri kabul edip, Aşgabat şäherine iberip başlady" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Bellesek, 12-nji martda günüň dowamynda habarçylarymyz ses berişliklerde köpçülikleýin düzgün bozulmalaryň bolandygy barada habar berdiler.

12-nji martda Aşgabatdaky habarçymyz adaty A4 ölçegli kagyza çap edilen saýlaw býulletenleri, olaryň hemmelere we çäksiz mukdarda paýlanandygy barada gürrüň berdi.

“Sagat 17: 00-da saýlaw uçastogy boşdy, men ýeke-täk saýlawçydym. Saýlaw býulletenlerini pasporta görä däl-de, kwartirada hasaba alnan adamlaryň sanyna görä berdiler, pasporta asla seretmediler. Üç býulleten berdiler, sorasam ýene berjekdiler. Itim, pişigim üçin sorasam hem, berseler gerek diýip pikir etdim. Býulletenleri adaty A4 ölçegli kagyza çap edipdirler, onuň diňe beýleki ýüzünde möhür basylypdyr diýmeseň, başga goragy ýok. Hatda belgileri hem ýok" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşi öz aýdanlaryny tassyklamak maksady bilen, saýlaw uçastogynda berlen goşmaça saýlaw býulleteniniň suratyny iberdi.

Lebap welaýatyndaky beýleki bir habarçymyz bir saýlaw uçastogynda 11 ýaşly bir oglanyň tutuş maşgala ses bermek üçin gelendigini habar berdi.

“Oglan 4-nji synpda okaýandygyny aýtdy we onuň elinde iki pasport bardy. Men ondan näme üçin gelendigini soranymda, ol kakasynyň işdedigini we ejesiniň öý işleri bilen meşgullanýandygyny aýdyp, ses bermäge gelendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, olar saýlaw uçastogyndan jaň edipdirler we islendik adamyň gelip bilýändigini aýdyp, derrew gelip ses bermegi haýyş edipdirler" diýip, habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, turkmen.news neşiri döwlet telewideniýesiniň maglumatynda bir saýlawçynyň saýlaw gutusyna birnäçe býulleten oklaýandygyny görkezýän wideoýazgyny sosial ulgamlarda ýerleşdirdi.

Prezident saýlawlaryndaky düzgün bozulmalar hatda döwlet metbugatynda-da ýaşyrylmady. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalynyň maglumatynda bir adamyň birbada birnäçe saýlaw býulletenini saýlaw gutusyna oklaýandygyny görkezýän surat.
Prezident saýlawlaryndaky düzgün bozulmalar hatda döwlet metbugatynda-da ýaşyrylmady. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalynyň maglumatynda bir adamyň birbada birnäçe saýlaw býulletenini saýlaw gutusyna oklaýandygyny görkezýän surat.

"Döwlet telekanalynyň kamerasy muny tutup, görkezen bolsa, onda kamerasyz beýleki uçastoklarda näme bolandygyny göz öňüne getiriň" diýip, neşir belleýär.

Azatlygyň Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki habarçylarynyň 12-nji martda irden beren maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler irden sagat 7-den 11-e çenli aralykda köp saýlaw uçastogynda ses berişligiň ýokary derejede bolandygy barada pikir döretmegi başardylar.

“Biziň saýlaw uçastogymyzda ses berişlik ir sagat 7-de Türkmenistanyň gimni bilen başlandy. Sagat 9-a çenli saýlaw gutularynyň dörtden bir bölegi doldy. Saýlawlara öňki günlerde gyzyklanmanyň pes bolandygyna garamazdan, bu gezek saýlaw uçastoklarynda öňki saýlawlara garanyňda ep-esli köp adam bardy" diýip, Lebapdaky habarçymyz 12-nji martda irden habar berdi.

Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawçylaryň 51 göteriminiň irden sagat 11-e çenli, galanlarynyň günüň ikinji ýarymynda ses berendigini öňe sürse-de, habarçylarymyz tutuş ýurt boýunça saýlawçylaryň sanynyň eýýäm günortan wagty ep-esli azalandygyny habar berdiler.

Berk gözegçilikde saklanýan Merkezi Aziýa ýurdunda geçirilen irki saýlawlar, köpler tarapyndan häkimiýeti Gurbanguly Berdimuhamedowdan onuň ogly Serdara geçirmek üçin diňe bir formallyk diýip hasaplanýar.

Baryp saýlaw kampaniýasy döwründe başlanan gödek düzgün bozulmalar barada habarçylarymyz her gün diýen ýaly habar berdiler.

“Ähli býujet işgärleri 10-11-nji mart aralygynda ses bermäge ýetişmeli. Eger-de kimde-kim ses bermäge ýetişmese, onda näme sebäpden ýetişmändigi barada dilhaty ýazyp ýolbaşçylara düşündiriş bermeli” diýip, maryly býujet işgärleriniň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Mundan başga-da, döwlet metbugaty häzirki prezidentiň oglunyň kadidaturasy üçin kampaniýa geçirdi, beýleki sekiz kandidat hakda hiç zat habar bermän, S.Berdimuhamedowyň "zehini" barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedowyň bäsdeşlerinden hiç biri ozal hiç bir ýerde görünmändi.

Azatlygyň habarçylary öz çeşmelerine salgylanyp, sebit häkimiýetlerine häzirki prezidentiň ogluny goldamak üçin onuň sesleriň azyndan 85 göterimini almagyny üpjün etmelidikleri barada tabşyryk berlendigini habar berdiler.

Resmi maglumata görä, ýurtda jemi 2 müň 577 saýlaw uçastogy döredildi we saýlawlara 3 million 435 müň 950 saýlawçynyň gatnaşandygy hasaba alyndy.

Bellesek, geçen ýyl Azatlygyň çeşmeleri we türkmen hökümetine ýakyn adamlar Türkmenistanda ilatyň “hakyky sanynyň” 2,7-2,8 million adama deňdigini aýtdylar.

Merkezi saýlaw komissiýasy entek saýlawyň deslapky netijelerini yglan etmedi, ýöne täze prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy 19-njy marta meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw halkara synçylary tarapyndan hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw” diýlip ykrar edilmedi.

ÝHHG-niň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň 8-nji martda çap eden beýanatynda irki prezident saýlawlaryna baha bermek üçin synçy missiýasynyň Türkmenistana iberilmezligi barada maslahat berildi. Edara bu kararyň esasy sebäbiniň saýlawyň yglan edilmegi bilen onuň geçirilmeginiň arasynda goýlan "gysga möhlet" bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Şeýle-de, ÝHHG-niň Baha beriji topary bu kararyň Türkmenistanyň saýlaw prosesinde plýuralizmi üpjün etmek we esasy adam hukuklaryna hormat goýmak barada guramanyň tekliplerini äsgermezligi bilen ilteşiklidigini hem belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG