Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Saud Arabystany bilen geçirýän gepleşiklerini togtatdy


Bezeg suraty

Eýran Saud Arabystany bilen arada uzak wagt bäri dowam edýän dartgynlygy gowşatmaga gönükdirilen gepleşiklerini birtaraplaýyn ýagdaýda togtatdy diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty 13-nji martda habar berdi.

Habar serişdeleri Tähranyň gelen kararynyň sebäbini aýtmady. Ýöne bu habar Saud Arabystanynyň soňky onýyllykda bir günde iň köp adamy, 81 tussagy jezalandyryp öldürendigini aýtmagynyň bir gün soňundan peýda boldy.

Jezalandyrylyp öldürilen tussaglaryň 41-si gündogar Katif sebitinden, şaýy musulmanlaryndan bolup, bu ýer sünnileriň agdyklyk edýän hökümeti bilen azlykdaky şaýylaryň arasynda öňden gelýän oňuşmazlyk nokady hasaplanýar diýip, aktiwistler aýtdy.

Saud häkimiýetleri görnükli şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldüreninden soň gazaba münen eýranly protestçileriň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm etmegi Riýadyň 2016-njy ýylda Eýran bilen aradaky gatnaşyklaryny kesmegine getirdi.

Şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran bilen sünnileriň gözegçiligindäki Saud Arabystany, aradaky dartgynlyklary azaltmak maksady bilen, geçen ýyl göni gepleşiklere başlady we olar aprelden bäri Yrakda dört tapgyr gepleşik geçirdi.

Gepleşikleriň bäşinji tapgyrynyň 16-njy martda geçirilmegine garaşylýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG