Kiýewdäki gaçybatalgada çaga dogurmaga kömek edýän akuşer bilen tanşyň
Akuşer-ginekolog Kyrylo Wentskiwskiý 24-nji fewralda Russiýa Ukraina çozanda gijeki nobatda işleýärdi. Ol uruş döwründäki Ukrainada doglan ilkinji bäbegiň dünýä inmegine kömek etdi. Şondan bäri ol diňe bir gezek öýüne gaýtdy. Onuň işleýän bäbekhanasynyň işi bombadan goranmak üçin niýetlenen gaçybatalganyň ýönekeý şertlerine geçirildi. Ol “Current Time” neşiri bilen söhbetdeş bolup, şol birinji gijeden bäri edýän işleri barada gürrüň berdi.
Epizodlar
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'
-
Iýun 24, 2026Emeli aň we döwlet gözegçiligi