Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň başlygy Berdimuhamedowlar bilen telefonda gürleşdi


Gurbanguly we Serdar Berdimuhamedowlar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefonda gürleşip, Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji martda geçirilen irki saýlawlarda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Türkmen DIM-niň websaýtynda 16-njy martda çap eden habarda aýdylmagyna görä, ol Guterrişe “öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini” aýtdy.

Şeýle-de habarda BMG-niň Baş sekretarynyň G.Berdimuhamedowy “giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen gutlandygy” aýdylýar.

Mundan başga, BMG-niň ýolbaşçysynyň “türkmen döwletiniň täze saýlanan baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw edendigi” aýdylýar.

Habarda telefon söhbetdeşliginiň haýsy tarapyň başlangyjy esasynda geçirilendigi aýdylmaýar.

Sebitde bolýan syýasy wakalary ýakyndan synlaýan ekspertler Türkmenistanda häkimiýetiň atadan ogla geçirilmegini Merkezi Aziýa üçin “howply görelde” atlandyrýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG