Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Russiýa Bankynyň 22 milliard ýewrolyk emlägini doňdurdy


Russiýanyň Merkezi banky
Russiýanyň Merkezi banky

Fransuz häkimiýetleri, Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň çäginde, Russiýa Bankynyň 22 milliard ýewrolyk, rus telekeçileriniň bolsa 850 million ýewrolyk emläklerini doňdurdy.

Maliýe ministrliginiň ýörite topary tussag edilmeli emlägi kesgitlemek işleri bilen meşgullanýar diýip, ministrligiň ýolbaşçysy Bruno Le Maire 20-nji martda RTL radiostansiýasyna, Le Figaro gazetine we LCI teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Bu toparyň alyp barýan işleri netijesinde şahsy hasaplardaky 150 million ýewro, takmynan 539 million ýewrolyk 30 kwartira we jaý, takmynan 150 million ýewro bahasy bolan iki ýahta tussag astyna alyndy.

Emläkleriň doňdurylmagy olaryň awtomatiki usulda konfiskasiýa ediljekdigini aňlatmaýar. Emma emläkleriň tussag edilmegi jenaýat işi bilen baglanyşykly bolsa, olaryň konfiskasiýa edilmegi mümkin.

Ministr konfiskasiýa edilip bilinjek emläge mysal getirende Rosneftiň başlygy Igor Seçine degişli “Amore Vero” ýahtasyna salgylandy. 88 metrlik gämini sanksiýalardan gaçyrmak synanyşygy edildi, bu jenaýat işi hasaplanýar diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG