Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň Lebap welaýatyndaky böleginiň gurluşygynyň göz-görtele ýygjamlaşmagy bilen, bu işlere çekilen hünärmenler zerur howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeýändigini, munuň hem heläkçilikli hadysalara sebäp bolýandygyny belleýärler.

“Soňky günler gije-gündiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan çagyl daşlar wagon-wagon Türkmenabadyň Zerger otly stansiýasyna daşalýar. 19-njy martda irden 30 wagondan ybarat şeýle bir otlynyň bäş wagony reýsden çykyp, agdy. Adam ýitgileri ýok. Ýöne wagonlaryň käbiriniň tekerleri gopdy” diýip, ýerli hünärmenleriň biri geçen şenbe şaýat bolan wakalaryny 21-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol bu ýagdaýlara wagonlara göz öňünde tutulanyndan has köp çagyl daşynyň ýüklenmeginiň sebäp bolandygyny, şeýle-de mundan ozalky üç günüň dowamynda ýagan ýagyşlaryň hem reýsleriň aşagynda oýuklary emele getirendigini aýtdy.

Mundan başga, söhbetdeşimiz Köýtendag etrabyndan awtobanyň gurluşygy üçin gelýän wagonlaryň ençemesine gereginden artyk çagylyň ýüklenýändigini, emma bularyň beýleki otlulardan tapawutlylykda hiç hili bökdençsiz we barlagsyz geçirilýändigini nygtady.

“Diňe bir wagonlar däl, eýse Zerger stansiýasyndan awtobana çagyl daşaýan ýük ulaglary hem päsgelçiliksiz hereket edýärler. Ýogsa, olara gereginden artyk ýük ýüklenýändigi görnüp dur. Bulardan ýaňa Mary-Türkmenabat magistral ýoly zaýalandy. Üstesine-de, bu işlere çekilen ulaglaryň biriniň çyrasy ýok, ýene biriniň daşky görnüşi hapa. Beýleki ulaglara dessine 150 manat jerime salynýan bolsa, ýol polisiýasy awtobana çagyl gatnadýan ulaglary görmezlige salýar” diýip, ýerli hünärmen belledi.


Adatça bolşy ýaly türkmen häkimiýetleri we mediasy wagonlaryň agmasy barada ilata maglumat bermediler. Türkmenabadyň häkimligi hem Azatlygyň goşmaça soraglaryna, şeýle-de awtobanyň gurluşynyň birden ýygjamlaşdyrylyp başlamagynyň sebäpleri barada jogap bermekden ýüz öwürdi.

Ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy 2019-njy ýylda başlap, ony 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Ýoluň gurluşygy Aşgabat – Tejen, Tejen – Mary we Mary – Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy.

Döwlet metbugaty täze magistralyň Aşgabat – Tejen böleginiň geçen oktýabrda ulanylmaga berlendigini habar berdi. Ýöne deslapky meýilnamada ýoluň Aşgabat – Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulupdy. Munuň bilen ýoluň birinji tapgyry meýilnamadan 10 aý giç tamamlandy.

Plana görä, ýoluň Tejen – Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabrynda, Mary – Türkmenabat bölegi hem 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmaly.

Täze awtoban Türkmenabatdan aňry Çärjew etrabynyň uly awtomobil ýoly bilen sepleşdirilýär. Çärjewden aňry Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farap gümrükhanasyna barýan ýola birikdirilýär. Munuň bilen, täze ýol Türkmenistanyň gündogar serhedini Aşgabat bilen birikdirer.


Döwlet gaznasyndan ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollary möçberinde serişde berlen, uzynlygy 600 kilometre barabar ýol 2019-njy ýylyň başynda şol wagta çenli kän tanalmaýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy.

Resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, “Türkmen Awtoban” ilkinji türkmen hususy konsorsiumy bolup, türkmen prezidentiniň gönümel goldawy esasynda döredilipdir.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, bu kompaniýanyň eýesi prezidentiň aýal dogany Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebow bolup, ol ýurt içinde we daşynda hasaba alnan ençeme firmany özüne birikdirýän biznes toplumyna ýolbaşçylyk edýär.

Resmi metbugat Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýol gurluşygyna uly üns berilýändigini yzygiderli habar berýär, emma ýaşaýjylar şäherara, etrapara, oba ýollarynyň, köprüleriniň indi 30 ýyla golaý wagt bäri düýpli idege mätäçdigini, ýollarda we köprülerde heläkçilikli hadysalaryň az bolmaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG