Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ady eşidilmedik "Türkmen Awtobana" 2,3 milliard dollarlyk taslama ynanyldy


Daşoguz welaýatynda bir köpriniň düşen ýagdaýyny görkezýän arhiw suraty
Daşoguz welaýatynda bir köpriniň düşen ýagdaýyny görkezýän arhiw suraty

Mundan ozal kän ady eşidilmedik “Türkmen Awtoban” ýapyk paýdarlar jemgyýetine "Aşgabat-Türkmenabat" ýokary tizlikli ýoluny gurmak we dolandyrmak ynanyldy.

Bu ýoluň gurluşygynyň türkmen gaznasyna ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryna düşjekdigi habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine, buýrujy we baş potratçy hökmünde, "Aşgabat-Türkmenabat" ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak ygtyýaryny berýän karara gol çekdi.

Bu kärhananyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydygy habar berilýär, emma onuň ýolbaşçysynyň kimdigi aýdylmaýar. Mundan öň beýle paýdarlar jemgyýetiniň ady kän agzalmaýardy, habarda onuň haçan döredilendigi, ýol gurmakda nähili tejribelere daýanjakdygy hem anyklaşdyrylmaýar.

TDH mundan on ýyl ozal şeýle çylşyrymly taslamalaryň "bu ulgamda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlara ynanylandygyny" belleýär.

Ýöne indi, neşiriň tassyklamagyna görä, "bazar şertlerinde işlemegiň kadalaryny çalt özleşdiren türkmen telekeçiligine mynasyp baha bermek gerek".

Türkmen telekeçilerine "mynasyp baha" ýa-da ozal esasan näbelli daşary ýurt kompaniýalaryna berlen milliardlarça dollar karz serişdeleri biraz öň berlip başlandy.

TDH-nyň 2018-nji ýylyň aprelindäki maglumatyna görä, 16-njy martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýurduň ikinji kaliý dökünleri kombinatynyň hem-de "Aşgabat -Türkmenabat" ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin, ýeňillikli şertlerde, 3 milliard dollar möçberinde karz berildi.

Täze karar barada Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy "ozallar Türkiýede o diýen tanalmaýan, bilinmeýän firmalar gelip, Türkmenistandan uly döwlet proýektlerini alyp, döwlet serişdeleriniň hasabyna dollarda millioner ýa-da milliarder boldular, indi bu tejribe ýerli firmalarda ulanyljaga meňzeýär" diýdi.

Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk firmasy türkmen häkimiýetleri bilen töleg meselesinde oňuşman, "Aşgabat-Türkmenbaşy" ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygyny togtadyp, ýurtdan çykandan soň, prezident Berdimuhamedow ýurtdaky ýol gurluşyk işleriniň TSTB-ä ynanyljakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda synçylar türkmen hökümetiniň häzirki ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklary bilen ýüz millionlarça dollara durýan gurluşyk taslamalaryny dowam etdirip bilmejegini belleýärler.

Mysal üçin, Ministrler kabinetiniň geçen ýylyň 27-nji aprelinde geçirilen maslahatynda “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

TDH-nyň tassyklamagyna görä, wise-premýer G.Myradow bu ýoluň taslamasy babatdaky Şertnamany ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi.

Emma habarda geçirilendigi aýdylýan işler hiç hili anyklaşdyrylmaýar. Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary Türkmenbaşynyň ýollarynyň sürüjileri heläk edýändigini habar berýärler.

Garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlara görä, “Polimeks” firmasyna ýol gurluşygy üçin çykaran harajatlaryny ol ýoldan geljek geljekki girdejilerden almak teklip edildi. Türkmen häkimiýetleri täze guruljak ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň tölegli bolmagyny nazarda tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmen Awtoban” paýdarlar jemgyýeti täze gurlan ýoly dolandyrmak işlerine hem ygtyýarly boldy.

Gürrüňi edilýän ýoluň gurluşygyny 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we üç tapgyrda tamamlamak bellenildi. Ýoluň Aşgabat-Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda; Tejen-Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda; Mary -Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilmeli diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Resmi metbugat Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýol gurluşygyna uly üns berilýändigini yzygiderli habar berýär, emma ýaşaýjylar şäherara, etrapara, oba ýollarynyň, köprüleriniň indi 30 ýyla golaý wagt bäri düýpli idege mätäçdigini, ýollarda we köprülerde heläkçilikli hadysalaryň az bolmaýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG