Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukraina çozanyna bir aý boldy, Zelenski Günbatar ýaranlygynyň sammitine ýüzlener


Prezident Wolodymr Zelenski. Kiýew, 23-nji mart.
Prezident Wolodymr Zelenski. Kiýew, 23-nji mart.

Daşy gabalan Mariupol şäherinde we ýurduň beýleki ýerlerinde barýan söweşleriň dowam etmegi bilen, prezident Wolodymr Zelenski Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagynyň bir aýlygynda Brýusselde toplanan NATO liderlerine ýüzlener.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň sammitlerine, şeýle-de Russiýanyň Ukraina edýän hüjümini duruzmak baradaky tagallalary kesgitlemek üçin senagat taýdan ösen Ýediler toparynyň 24-nji martda geçirjek ýygnagyna gatnaşar.

Ak tam Baýdeniň bu pursatdan peýdalanyp, Moskwa garşy has köp sanksiýa yglan etjekdigini aýtdy.

Russiýanyň gury ýer goşunlarynyň hüjümleri günbatar ýaraglary bilen ýaraglanan ukrain goşunlary tarapyndan haýalladyldy ýa togtadyldy, emma olar uzak aralykdan çem gelen harby we raýat nyşanalaryna zarba urmaklaryny dowam etdirýärler.

"Häzirki pursatda elýeterli bolan maglumatlara esaslanyp, men ABŞ hökümetiniň rus goşunlarynyň agzalary Ukrainada uruş jenaýatlaryny amala aşyrdy diýip hasaplaýandygyny aýdyp bilerin” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň 23-nji martdaky beýanatynda aýdylýar.

Baýden 24-nji martda boljak ýygnakdan soň metbugat ýygnagyny geçirer, soň uruşdan gaçýan ukrain bosgunlarynyň köpüsini kabul eden ýurtdaky liderler bilen gepleşik geçirmek üçin Polşa gider.

XS
SM
MD
LG