Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar liderleri Ukraina urşy boýunça sammit geçirýär, Zelenski NATO-dan has köp kömek soraýar


Ukrainanyň prezidenti Woloymyr Zelenski NATOnyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen. Arhiw suraty, Brýussel, 16-njy dekabr, 2021
Ukrainanyň prezidenti Woloymyr Zelenski NATOnyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen. Arhiw suraty, Brýussel, 16-njy dekabr, 2021

Brýusselde NATO-nyň adatdan daşary duşuşygy geçirilýär. Bu günbatar liderleriniň Ukrainada gazaply söweşleriň dowam edýän wagtynda, 24-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy başlan esassyz çozuşyny duruzmak tagallalaryny kesgitlemek üçin geçirýän nobatdan daşary üç sammitiniň ilkinjisi bolup durýar. Sammite Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden hem gatnaşýar. Ol NATO-nyň, ÝB-niň we Ýediler toparynyň sammitlerine gatnaşanyndan soň, Ukrainadan gaçan bosgunlaryň iň köp bölegini kabul eden Polşa sapar eder.

Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunyň bir aýlygyna gabat geçirilýän NATO sammitine, wideo arkaly, Ukrainanyň prezidenti Woloymyr Zelenski hem ýüzlendi. Ol NATO-ny Ukrainany çäklendirilmedik harby kömek bilen üpjün etmäge çagyrdy.

"Adamlarymyzy we şäherlerimizi halas etmek üçin Ukraina çäklendirmedik harby kömege mätäç. Russiýanyň özünde bolan doly arsenalyny bize garşy çäklendirmezden ulanşy ýaly, bize-de çäklendirilmedik kömek gerek” diýip, Zelenski NATO-nyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip aýtdy.

Şeýle-de Zelenski NATO ýolbaşçylaryna şu wagta çenli berlen gorag enjamlary üçin sagbolsun aýtdy, ýöne ol özlerine hüjüm ýaraglarynyň hem berilmegini sorady. Emma muňa garamazdan, ol uçuş gadaganlygyny girizmek we Kiýewe NATO agzalygyny kepillendirmek baradaky haýyşyny gaýtalamady.

Zelenski 23-nji mart güni giçlik eden wideo ýüzlenmesinde dünýäniň demokratik ýurtlaryny Russiýanyň "gödek we zalym" güýçleriniň öňünde birleşmäge çagyrdy hem-de basybalyjylary asuda ilata agyr zulum etmekde günäkärledi. Şeýle-de ol Günbatara azatlygyň ykdysady bähbitlerden ileri tutulmalydygyny duýdurdy.

"Bu üç sammitde biz kimiň dostdugyny, kimiň hyzmatdaşdygyny we kimiň bize pul sebäpli ikilik edendigini göreris. Ýaşaýyş diňe birleşilen ýagdaýynda goralyp bilner" diýip, ol aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell 24-nji martda Russiýanyň Ukrainada atyşygy togtatmak barada alnyň barylýan gepleşikleri bilkastdan süýrenjeňlige salýandygyny we sebäpsiz başlan çozuşynda öz bellän maksatlaryna ýetýänçä, bu gepleşiklere çynlakaý çemeleşmejekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak boýunça ýokary derejeli resmisiniň 23-nji martda aýtmagyna görä, Moskwanyň gury ýer güýçleri indi şäher merkezine tarap müňzemelerini haýalladyp, Kiýewiň 15-20 km uzaklygynda goranyş nokatlaryny gurnaýana meňzeýär.

Anonimlik şertinde gürleşen resmi Kiýewiň gündogaryndaky sebitleriň käbirinde ukrain goşunlary ruslary has yza serpikdirene meňzeýär.

Belki-de ukrain bölümleriniň beýleki şäherleri goramak üçin günbatara tarap süýşmeginiň öňüni almak üçin, rus güýçleri Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiliginde galýan ýerlere, gündogar Luhansk we Donetsk sebitlerine has köp üns berýäne meňzeýär diýip, amerikan resmisi aýtdy.

Şeýle-de ol daşy gabalan strategiki port şäheri Mariupoluň golaýynda, Azow deňzinde ýerleşýän rus gämileriniň işjeňlikleriniň artandygyny belledi.

Ukrainanyň harby-deňiz güýçleri 24-nji martda Russiýanyň basylyp alnan Berdýansk portuna gelen uly transport gämisini, "Orsky" urandyklaryny aýtdylar.

Öwrenje wideosyndan görnüşine görä, ýük kranlarynyň gapdalynda duran uly gämiden çykýan gara tüsseler bu aýdylýanlary gytaklaýyn tassyk edýär. Emma Russiýanyň Goranmak ministrligi Azow deňzinde urlan gämi baradaky beýanata hiç bir düşündiriş bermedi we bu maglumat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Borrell 24-nji martda ispan teleýaýlymyna beren interwýusynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gara deňiz kenarlaryny Moldowa bilen aradaky serhede çenli gabap, Ukrainany suw ýollaryndan üzňeleşdirmäge çalyşýandygyny aýtdy.


"Edil häzir Russiýa oturmak we gepleşik geçirmek islemeýär: onuň isleýän zady ýer eýelemek" diýip, Borrell söhbetdeşlikde aýtdy.

"Ol diňe güýçli pozisiýada bolansoň gepleşmekçi bolýar” diýip, Borrell sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň gabalan Mariupol portunyň we paýtagt Kiýewiň töweregindäki gazaply söweşler 24-nji martda, Zelenkisiniň Milletler guramasyny Moskwanyň sebäpsiz çozuşynyň öňüni alyp bilmezlikde tankytlaýan mahalynda hem dowam etdi.

Zelenski 23-nji martda, rus güýçleriniň Mariupola urýan ýykgynçylykly zarbalarynyň arasynda, dünýäniň kanunçylyk guramalarynyň öňünde edýän wideo çykyşlaryny dowam etdirip, Fransiýanyň kanun çykaryjylaryna Birinji Jahan urşunyň Werdun wakalaryny hem ýatlatdy.

Bir aýa çeken uruş Ukrainanyň 4 milliona golaý ilatynyň ýurtdan gaçyp çykmagyna, onlarça müň ilatynyň bolsa ýurt içinde bosgun bolup, öý-öwzarsyz, aç-suwsuz galmagyna sebäp boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasy 24-nji martda Ukrainadaky urşy we Kiýew tarapyndan ýazylan gumanitar rezolýusiýanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýar.

Howpsuzlyk geňeşinden, Russiýadan we weto hukugy bolan beýleki hemişelik agzalardan tapawutlylykda, Baş Assambleýada hiç bir ýurt kararyň öňüni baglap bilmez.

Şu aralykda Birleşen Patyşalyk Russiýanyň sebäpsiz başlan urşy zerarly girizen ykdysady sanksiýalaryny güýçlendirip, ýokary derejeli rus şahslaryna we kompaniýalaryna girizýän sanksiýalaryny köpeldendigini aýtdy.

Britan hökümeti 24-nji martda emläklerini netijeli doňdurmak we ýurda gelmegi gadagan edilen adamlaryň sanawyna goşmak bilen, sanksiýalar sanawyna ýene 59 adamy we guramany goşandygyny habar berdi.

Giňeldilen sanaw rus oligarhlary Ýewgeniý Şwidleri, maliýeçi Oleg Tinkowy, Russiýanyň iň uly banky “Sberbankyň” baştutany Herman Gref dagyny hem öz içine alýar.

Şeýle-de, gadaganlyk sanawyndaky kompaniýalara “Gazprombank”, “Alfa Bank” we döwlet tarapyndan dolandyrylýan “Sovcomflot” kompaniýasy girizildi.

XS
SM
MD
LG