Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainada 1,351 esgerini ýitirendigini aýdýar


Rus resmileri 2-nji martda Ukrainadaky söweşlerde çak bilen 498 esgeriň ölendigini habar berdiler.
Rus resmileri 2-nji martda Ukrainadaky söweşlerde çak bilen 498 esgeriň ölendigini habar berdiler.

Russiýa üç hepde gowrak ozal beren maglumatyny täzeläp, Ukrainadaky söweşlerde 1351 esgeriniň ölendigini habar berdi. Emma bu görkeziji günbatar ýurtlarynyň aňtaw gulluklarynyň hasaplamalaryndan has az sanlary görkezýär.

Ýokary derejeli harby resmiler 25-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başlan harby hereketlerinden bäri geçen wagt içinde 3850 rus esgeriniň ýaralanandygyny aýtdylar.

Rus resmileri 2-nji martda Ukrainadaky söweşlerde çak bilen 498 esgeriň ölendigini habar berdiler. Emma Russiýanyň öňki beren maglumaty-da, soňky beren maglumatlary hem beýleki taraplaryň berýän maglumatlaryndan düýpli tapawutlanýar.

NATO-nyň bir resmisi 24-nji martda AP habar gullugyna Russiýanyň Ukrainadaky söweşlerde ýitiren esgerleriniň sanynyň 7,000 bilen 14,000 aralygynda diýlip çaklanylýandygyny aýtdy, ýöne bu sanlary iki tarapdanam garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin däl.

"Nýu-Yorkork Taýms” gazetiniň 16-njy martda, ABŞ-nyň konserwatiw aňtaw resmilerine salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýanyň Ukrainada 7 müň töweregi esger ýitiren bolmagy mümkin.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş edarasynyň 23-nji martda ýazan twitinde aýdylmagyna görä, söweşlerde 15 000-den gowrak rus esgeriniň ölendigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG