Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ozalky wise-premýerleri, şol sanda Meredowy gaýtadan wezipelerine belledi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamdow
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamdow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji martda Ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etdi. Emma hökümetiň düzüminde ýeke-täk täze adam bar. Ol hem Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagyndan ozal eýelän, ýagny maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesine täze bellenen – Muhammetguly Muhammedow boldy. Mundan öň, Azatlygyň Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeleri daşary işler ministri Raşid Meredowyň wezipesinden çetleşdirilmegine garaşylýandygy barada maglumat beripdiler. Emma Meredow, şeýle-de ozalky kabinetiň ýene sekiz agzasy ozalky wezipelerine gaýtadan bellenildi.

25-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi. Dokumente laýyklykda, Berdimuhamedowň kakasynyň häkimiýeti döwründe hem bolşy ýaly, kabinetiň düzümi dokuz wise-premýerden, 17 ministrden we 20 pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybarat bolar.

Täze wise-premýer Muhammetguly Meredow 2014-2017-njy ýyllar aralygynda maliýe ministri bolup işledi.
Täze wise-premýer Muhammetguly Meredow 2014-2017-njy ýyllar aralygynda maliýe ministri bolup işledi.

Emma bu täze hökümetdäki ýeke-täk üýtgeşik, bu Berdimuhamedowyň ozal eýelän wezipesine Muhammetguly Muhammedowyň bellenmegi boldy.

41 ýaşly Muhammedow 2014-2017-nji ýyllar aralygynda maliýe ministri bolup işledi. Onuň Türkiýäniň paýtagty Ankaradaky Gazi Uniwersitetini tamamlandygy hem belli.

Hökümetiň düzümindäki beýleki sekiz wise-premýer öz wezipelerini saklap galdy. Döwletiň gözegçiligindäki metbugat öňki wise-premýerleriň öz eýelän jogapkärli wezipelerine gaýtadan bellenmegini olaryň öňki hökümetde toplan "oňyn iş tejribeleri” bilen düşündirdi. Öz wezipesini saklap galan ozalky resmileriň ýene biri wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow boldy. Mundan öň, Azatlygyň ýurduň Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeleri Meredowyň wezipesinden gitmegine garaşylýandygy barada maglumat beripdiler.

Çeşmelerimiziň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň düzümi, hususanda daşary işler ministri Meredowyň ornuna täze birini bellemek baradaky konsultasiýalary geçen ýylyň güýzünde başlapdyr. Çeşmämiz bulary Meredow ýaly täsirli birini saklap galmak islegiň ýoklugy bilen düşündirdi.

Mundan başga, çeşmelerimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary işler ministri wezipesine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle-de özüniň halypasy hasaplaýan Esen Aýdogdyýewi bellemegine garaşylandygyny aýdypdylar. Çeşmelerimiz Berdimuhamedow bilen Aýdogdyýewiň 2011-2013-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň diplomatiki wekilhanalarynda bilelikde işlän döwründe ýakyn gatnaşyklarynyň emele gelendigini belläpdiler. Şol döwür, Aýdogdyýew Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçisi wezipesinden başga-da, BMG-niň Ženewadaky agentliklerinde Türkmenistanyň hemişelik wekili bolup hem işleýärdi. Berdimuhamedow bolsa, onuň geňeşçisi bolupdy.

Prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistany geljek ýedi ýylda ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Munuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 12-nji martdaky irki prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji yglan edilen Berdimuhamedowda “saýlawlara dalaş eden döwri, özüniň birinji möhletinde amal etjek işleri barada planynyň bolmandygyna” ünsi çekdi.

11-nji fewralda ýurdy 15 ýyl dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden çekilmek niýetini ýaňzydyp, “ýaşlara ýol bermek islegini” mälim etmeginiň yzýany, ýurtda irki saýlawlar yglan edildi. Mundan soň, saýlawlar gysga wagtyň içinde we gödek bidüzgünçilikler baradaky maglumatlaryň arasynda geçirildi. Saýlawlaryň yglan edilmeginden soňky dört hepdäniň içinde gyssagly dokuz dalaşgär hödürlendi, dolandyryş resurslary hem Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagyna gönükdirildi.

Anna güni geçirilen mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem bardy. Ol Halk maslahatynyň başlygy wezipesini saklap galsa-da, resmi mediada oňa ‘Arkadag’ diýlip ýüzlenildi. Ol maslahatyň dowamynda eden çykyşynda gaýtadan wezipä bellenen wise-premýerleri gutlamak bilen birlikde, öz oglundan 1-nji aprelden zähmet rugsadyna goýberilmegini sorady. Prezident bu haýyşy kanagatlandyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG