Aşgabatda Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri ilaty jaý bilen üpjün etmek maksady bilen täze we öýsüz maşgalalary hasaba almak işlerine girişendiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan paýtagt ýaşaýjylary jaý nobatyna ýazylmak üçin raýatlardan “ýa tanyş, ýa-da para soralýandygyny” aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda habar berdi.
“Öý dolandyryş bölümleri ýaş we öýsüz maşgalalara jaý bermek maksady bilen sanaw düzüp, hasaba almak işlerine başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, jaý dolandyryş işgärleri bu çäreleriň prezident Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygyny aýdýarlar.
Ýöne habarçymyz bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar jaý nobatyna ýazylmak üçin özleriniň azyndan 1 müň dollardan 3 müň dollara çenli para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Bu entek diňe bir nobata ýazylmak üçin” diýip, paýtagt ýaşaýjylary aýdýarlar.
“Ýa-da ýokary wezipelerde tanşyň bolmaly. Şu iki talap ýok bolsa, jaý hem ýok, nobata durmak hem ýok” diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdylar.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda ‘geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar” diýdi. Halk Maslahatynyň başlygy bu maksatnamanyň haçan durmuşa geçiriljekdigini aýdyňlaşdyrmady.
Täze prezident Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda bu sözleri gaýtalap, “her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýdi.
2022-nji ýylda Türkmenistanda uçdantutma ilat ýazuwy we ýurduň ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwy geçirilýär.
Döwlet statistika komiteti geçen ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly synaglaýyn ilat ýazuwynyň geçirilendigi barada hasabat berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, täze prezidentiň ilaty häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek wadalarynyň çäginde häkimiýetleriň “Aşgabatda boş duran käbir jaýlary döwletiň hasabyna geçirmekçi bolýandyklaryny” aýdýar.
“Şu wagt täze gurulýan jaýlaryň sany öýsüz maşgalalaryň sanyndan ep-esli az... Täze ýolbaşçy nädip hem bolsa, ýalançy çykmajak bolýana meňzeýär” diýip, paýtagt ýaşaýjylary aýdýarlar.
Aşgabatda täze gurlup ulanylmaga berilýän binalaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda gymmat bahaly myhmanhanalar we beýleki käbir desgalar hem köplenç boş durýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, döwletiň hasabyna geçirilmegi göz öňünde tutulýan jaýlaryň hatarynda "girdeji çeşmesi gümürtik ýa-da garaňky ýollar bilen satyn alnan" jaýlaryň bardygyny aýdýar.
Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar täze jaýlara nobata ýazylmak isleýän adamlardan 1000-3000 dollar aralygynda para soralýandygyny, ýa-da täze jaýlara isleg bildirýän adamlaryň ýokary wezipeleri eýeleýän adamlardan tanyş görkezmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanda ilat sany bilen bir hatarda ýurduň ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwynyň netijeleri hem köpçülige äşgär edilmeýär.
Türkmenistan iň soňky gezek on ýyl mundan ozal, 2012-nji ýylda ilat ýazuwyny we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirdi. Ýazuwyň netijeleri çap edilmedi.
Ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiliginiň ýagdaýy köpýyllyklaryň dowamynda ýabygorly bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.