Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Bikanun' jaýlar ýykylýar, 'kanuny' jaý almak köp adama başartmaýar


Ýykylan binalaryň harabalygy. Bezeg suraty

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ýurduň paýtagty we sebitleri tanalmaz ýaly özgerdi diýip, türkmen metbugaty ýurtdaky gurluşyklaryň depginine uly baha berýär, ýöne ýykylýan jaýlar, jaýsyz, mellek ýerini alyp bilmän kösenýän adamlar barada dymýar.

Lebapda köp gatly jaýlaryň ýanyndaky ýanaşyk ýerlerde gurlan tamdyrlar, kömekçi jaýlar we awtoulag saklamak üçin gurlan garažlar, şol sanda ýaşaýjylaryň guran haýatlary hem ýumrulýar.

Bu ýykha-ýyklyk sebitde bolan we adam pidalaryna getiren gaz partlamasynyň yz ýanyna gabat gelýär we onuň sebäbi resmi taýdan ol jaýlaryň ýangyn söndürijilere ýa tiz kömek ulaglaryna päsgelçilik döretmegi bilen düşündirilýär.

Sebitiň Dänew, Farap, Çärjew etraplarynyň häkimleri kanun esasynda bolmaly ýerinden 20 santimetr artyk köçä çykýan haýat ýa jaý bolsa hem ýykdyrýar diýip, habarçy jaýlary ýykylyp, zyýan çeken ýaşaýjylaryň bu ýykha-ýyklykda kimdir birleri bähbit görýän bolmasyn diýýändigini hem sözüne goşdy.

Gurluşyk materiallary, kerpiç we sement, agaç önümleri ýurtda hemişe-de arzan däldi, ýöne soňky ýyllarda, hususan-da geçen harasatdan soň has gymmatlady, häzir bir bişen kerpiç 2 manatdan satylýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmenabatly ýaşaýjy bu ýykgynçylygyň maşgalasy ulalyp, goşmaça jaýlar bilen mydar edýän adamlary bergi-borja batyp, başga ýerden jaý gurunmaga mejbur etjekdigini nygtady.

Ol jaýlar birki-ýylda gurulmady, häkimiýetler rugsat bermese asla hem gurulmazdy, ýykyljak bolsa, adamlar goşmaça jaý däl, garaž hem, tamdyr hem gurmazdy diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy ýurtdaky ýer, mellek, jaý problemasynyň emeli, bilkastdan çuňlaşdyrylýana meňzeýändigini belledi.

Lebapdaky goşmaça ýa bikanun jaýlaryň ýykylyşy baradaky habar Mary sebitiniň häkimiýetleriniň 'bikanun' diýilýän mellekleriň yzyna alynjakdagy, ol ýerlerde gurlan jaýlaryň ýumruljakdygy barada beren duýduryşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk bilen gürleşen maryly ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, öz jaýlarynyň ýanyndaky ýanaşyk ýerlerden goşmaça jaý, garaž guran raýatlar 1995-2000-nji ýyllar aralygynda pul töläp, ol ýerleri häkimlikleriň işgärlerinden degişli resminama esasynda satyn alypdyrlar.

Emma muňa garamazdan, soňky otuz ýyldaky jaý ýykmak tejribesi, hususan-da paýtagt Aşgabadyň dowamly abadanlaşdyrylmagy netijesinde, türkmen häkimiýetleriniň ýykmaly, ýumurmaly ýa berlen emlägi yzyna almaly bolanda, resminamasy bolanlar bilen bolmadyklaryň arasynda kän tapawut goýmaýandygyny görkezýär.

Muňa mysal edip, diňe Aşgabatdaky hususy jaýlary, şol sanda dokumentsiz diýilýän jaýlary ýykylan we emläk hukugy bozulan müňlerçe adamy däl, şäheriň daşyndan kömekçi hojalyk, daça jaýlaryny gurmak üçin berlen ýerleri yzyna alnan müňlerçe raýaty, şol sanda döredijilik intelligentsiýasynyň wekillerini, jogapkär wezipelerde işleýän resmileri ýatlamak hem ýeterlik.

Şol bir wagtda, wagtal-wagtal geçirilýän telewideniýe 'tobalaryndan' belli bolşuna görä, ýurtda öz wezipesinden ýa arkasyndan peýdalanyp, bikanun ýagdaýda ençeme jaý, mellek alyp bilýän adamlar hem bar. Emma muňa garamazdan, ykdysady krizis, çöken oba hojalygy sebäpli işsiz, gazançsyz galan adamlar, ilatyň aglaba köplügi üçin ýer-jaý meselesi uly synag bolmagynda galýar.

Tutýan territoriýasy Angliýanyň iki essesine ýa Fransiýanyň territoriýasyna barabar bolan Türkmenistanda, ilat sanynyň agzalan ýurtlardakydan onlarça esse azdygyna garamazdan, ýer-jaý, mellek ýa kwartira meselesi, durmuşyň, gurluşyk materiallarynyň gymmatlamagy bilen, soňky onýyllykda has-da agyrlaşdy we, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykanlaryň bir topary yzda, ýurtlarynda jaý edinmek üçin ençeme ýyllap aýralykda, agyr işlerde işläp, ýeterlik iýip-içmän pul toplamaga çalyşýar.

Anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmeniň pikiriçe, raýatlaryň köp gatly jaýlaryň ýanynda ýa-da bölünip berlen mellek ýerleriniň çäginden daşarda gurluşyk işlerini etmäge haklary ýok; häkimiýet wekilleri bilen ol ýa-da beýleki görnüşde gelinýän ylalaşyk esasynda gurulýan gurluşyklaryň köpüsi, dogrudanam, ýykylmaly.

Ýöne ol ýurtda onlarça ýyllap jaýyny giňeldip bilmeýän, ýer ýa jaý baradaky arzalary kanagatlandyrylmaýan adamlaryň, hususan-da çagalaryň we garrylaryň juda agyr şertlerde ýaşamaga mejbur edilmeginiň hem kanuna laýyk gelmeýändigini, ýurt raýatlarynyň ýer, jaý problemalarynyň wagtynda we kanuny esasda çözülmezligine hökümetiň özüniň jogapkärdigini aýtdy.

Türkmen mediasynda her ýyl täze jaýlaryň gurulýandygy we dabaraly açylyp, ýaşaýjylara ulanmaga berilýändigi, käte prezidentiň täze jaý alanlary elin baryp gutlaýandygy habar berilýär. Emma ýurtda soňky ilat ýazuwynyň netijeleri çap edilmedi, ilat sany we ilatyň jaý gorlary, näçe adamyň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçdigi gizlin saklanylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG