Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew we Moskwa gepleşikleri dikeltmekçi bolýar, Russiýa Mariupolda ýene ýardama rugsat bermeýär


Mariupol
Mariupol

Gabaw astyndaky günorta Mariupol port şäherinden asuda ilaty ewakuasiýa etmek we ol ýere gumanitar ýardam eltmek synanyşyklary togtaýan mahaly, Kiýew bilen Moskwa wekilleriniň ot açyşlygy bes etmek gepleşikleriniň dikeldilmegine garaşylýar. Ukraina güýçleri Kiýew we Çernihow sebitlerinden rus goşunlaryny yza serpikdirmegi dowam etdirýärler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi gabaw astyndaky Mariupol şäherinden asuda ilatyň ewakuasiýa edilmegi üçin 1-nji aprelde irden sagat 10-dan başlap, özüniň gumanitar koridor açjakdygyny aýtdy. Mariupolda onlarça müň adam birnäçe hepde bäri ujypsyz azyk, suw we serişdesiz gysylyp galdy.

Ukaina resmileri has ozal şähere ýardam eltip, birnäçe hepde bäri ol ýerde gysylyp galan ýaşaýjylary alyp gaýtmak üçin 45 awtobusly ulag kerweniniň Mariupola tarap ýola düşendigini aýtdy.

Ýöne bir Mariupol resmisi 1-nji aprelde Russiýanyň şähere ýardam eltilmegine böwet bolmagy dowam etdirýändigini we heniz-de asuda ilatyň ukrain we rus güýçleriniň arasyndaky agyr söweşlerden gaçmagy üçin zerur bolan ynsanperwer geçelgäniň öňüni baglaýandygyny aýtdy.

Mariupol häkiminiň geňeşçisi Petro Andrýuşçenko ol ýere örän zerur bolan serişdeleri eltmäge synanyşýan ulag kerweni üçin 1-nji aprelde şäheriň heniz hem ýapyk galýandygyny Facebook arkaly aýtdy.

“Şäher giriş üçin ýapyk galýar we ol ýerden hususy transport serişdeleri bilen çykmak örän howply” diýip, Andrýuşçenko aýtdy.

“Rus güýçleri düýnden bäri (31-nji mart) şähere ynsanperwer ýardam eltilmegine, hatda az mukdarda eltilmegine-de düýbünden rugsat bermeýär. Şeýle hereketleriň sebäbi heniz hem aýdyň däl, ýöne bu örän lapykeç ýagdaý. Biz ruslarda Mariupol ýaşaýjylarynyň Ukrainanyň gözegçiligindäki beýleki sebitlere ewakuasiýa edilmegine rugsat bermek islegini görmeýäris” diýip, Andrýuşçenko sözüne goşdy.

Demirgazyk sebitler barada aýdylanda, Britaniýanyň harby aňtaw gullugy 1-nji aprelde ukrain güýçleriniň Ukrainanyň demirgazygyndaky Çernihow şäheriniň günortasynda ýerleşýän Sloboda we Lukaşiwka obalaryny yzyna alandygyny aýtdy. Bu obalar Çernihow şäheri bilen Kiýewiň esasy üpjünçilik ýollarynyň ugrunda ýerleşýär.

Ukraina Kiýewiň gündogarynda we demirgazygynda üstünlikli, emma çäkli ýagdaýdaky garşylyk hüjümlerini dowam etdirdi" diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Russiýanyň bu sebitlerdäki harby işjeňligini azaldýandygyny aýtmagyna garamazdan, hem Çernihow, hem Kiýew sebiti dowamly urulýan howa we raketa zarbalarynyň nyşanalary bolup galýar diýip, ministrlik sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrain goşuny 1-nji aprelde özüniň gündelik maglumatynda Kiýewiň demirgazygyndaky käbir rus goşunlarynyň Belarus serhedine tarap yza çekilýändigini aýtdy.

Rus ulag kerweni rus güýçleri tarapyndan ogurlanan awtobuslary, ýük ulaglaryny we kiçi ýük ulaglaryny öz içine alýar diýip, Ukraina goşuny aýtdy hem-de rus güýçleriniň Ukrainada talaňçylyk bilen alan emläklerini hem öz ýanlary bilen alyp barýandyklaryny sözüne goşdy.

Beýleki bir täzelige görä, Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýynda ýerleşýän Belgorod şäherindäki bir ýangyç ammarynda ýangyn döredi. Sebit resmisi ýangyç ammaryna Ukrainanyň iki sany harby dikuçarynyň zarba urandygyny öňe sürdi. Eger-de bu maglumat tassyklansa, Russiýanyň topragyndaky ilkinji ukrain howa hüjümi bolar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň 31-nji martda giç agşam çap eden gündelik wideo ýüzlenmesinde goşunlaryň öňe gidişini öwdi, ýöne Donbasda we gabaw astyndaky günorta Mariupol port şäherinde boljak “öňdäki söweşler” babatda duýdurdy.

Şeýle-de, Zelenski aýdyňlaşdyrylmadyk jenaýatlar üçin iki sany generalyň öz harby çinlerinden mahrum edýändigini aýtdy.

“Edil häzirki wagtda meniň dönükler bilen iş salyşara wagtym ýok, ýöne olaryň ählisi kem-kemden jezalandyrylar” diýip, ol aýtdy.

Gepleşikleriň dördünji tapgyrynyň öň ýany, ukrainaly gepleşikçi Dawid Arahamia taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylan halatynda, Türkiýäniň we Germaniýanyň howpsuzlyk kepili hökmünde hyzmat etmek teklibini hödürländigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG