Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski 'urşuň gaýdyş pellesine' gelendigini duýdurýar


Zelenski Awstraliýanyň kanun çykaryjylaryny Russiýa garşy täze we has berk sanksiýalaryň girizilmegine çagyrdy.

Bu sebitdäki harby işjeňligini azaltjagyny wada berendigine garamazdan, Russiýa Ukrainanyň demirgazygyndaky Çernihow şäherine raketa zarbalaryny urmagy we topa tutmagy dowam etdirýär, ukrain goşuny rus wadalarynyň ýalandygyny we gündogarda has agyr söweşlere taýýarlanýandygyny aýdýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski öten agşam eden wideo ýüzlenmesinde rus güýçleriniň Ukrainanyň günorta-gündogarynda güýç jemleýändigini we täze hüjümlere taýýarlanýandygyny aýtdy, premýer-ministriň orunbasary Irina Wereşçuk bolsa 31-nji martda Mariupolda, agyr söweş astynda gabalyp galan asuda adamlary çykarjak 45 awtobusyň port şäherine tarap ugrandygyny aýtdy.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 31-nji martda, belli bir derejede yza çekilmegine garamazdan, rus goşunlarynyň Kiýewiň gündogarynda we günbatarynda eýelen ýerlerinde galmagyny dowam etdirýändigini, netijede şäher eteginde basym, ýakyn günlerde agyr söweşleriň bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Britan aňtaw gullugynyň başlygynyň başga bir maglumatyna görä, Ukrainada ruhdan düşen rus esgerleri serkerdeleriniň buýruklaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýarlar we öz harby enjamlaryna zeper ýetirip, gözboýagçylyga ýüz urýarlar. Şeýle-de ol rus esgerleriniň bir rus uçaryny atdanlykda urup ýykandygyny aýtdy.

GCHQ elektron aňtaw gullugyna ýolbaşçylyk edýän Jeremi Fleming bu sözleri Awstraliýanyň paýtagty Kanberrada eden çykyşynda aýtdy.

Görnüşinden, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine bu hüjüm barada “gaty köp nädogry, azaşdyryjy” maglumat berildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Onuň Ukrain halkynyň görkezjek garşylygyna kembaha garandygy açyk görnüp dur. Ol öz hereketleriniň koalisiýanyň gujur-gaýratyny artdyrjakdygyna hem kembaha garady. Ol sanksiýalaryň öz režimine ýetirjek ykdysady täsirlerine hem gereginçe ähmiýet bermedi we öz goşunynyň ýyldyrym çaltlygynda ýeňiş gazanmak ukybyna aşa ýokary baha berdi" diýip, Fleming aýtdy.

Şu aralykda, Ak tamyň aragatnaşyk müdiri Keýt Bedingfild hem žurnalistlere Putiniň geňeşçileri tarapyndan azaşdyrylandygyny aýtdy.

"Biziň ynanjymyza görä, uly geňeşçileri Putine rus goşunynyň özüne tabşyrylan işiň hötdesinden gelşiniň näderejede ýaramaz bolandygy we rus ykdysadyýetiniň sanksiýalar sebäpli nähili haýallandygy barada nädogry maglumat berýärler, olar oňa çynlaryny aýtmakdan gaty gorkýarlar” diýip, Bedingfild metbugat ýygnagyna gatnaşan žurnalistlere aýtdy.

Zelenski 31-nji martda eden aýry-aýry wideo ýüzlenmelerinde Awstraliýanyň we Gollandiýanyň kanun çykaryjylaryna Russiýa garşy täze we has berk sanksiýalaryň girizilmegine çagyrdy.

Ol, Ukrainanyň garşysyna başlan esassyz çozuşy sebäpli, Moskwa edilýän basyşy has-da güýçlendirmelidigini aýtdy. Hususan-da ol gollandiýaly kanun çykaryjylardan "Russiýa bilen ähli söwdany togtatmaklaryny" sorady.

Russiýa 29-njy martda, iki tarap Stambulda ýüzbe-ýüz duşuşanlaryndan soň, parahatçylyk gepleşiklerini geçirmekleri üçin özara ynamy ýokarlandyrmak maksady bilen, özüniň Ukrainanyň paýtagt Kiýewiň we demirgazykdaky Çernihowyň golaýynda alyp barýan harby çärelerini azaltjakdygyny aýtdy.

Ukrain gepleşikçisi Deýwid Arahamiýanyň sözlerine görä, 31-nji martda bu gepleşikleri wideo arkaly dowam etdirmek ylalaşyldy. Emma synçylar Moskwanyň bu gepleşiklerde ilerleme gazanylmagyna ak ýürekden gyzyklanýandygyna şübheli seredýärler.

“Eger-de biz hakykatdanam azatlyk we demokratiýany goramak üçin bilelikde söweşýän bolsak, onda biz bu kyn we öwrülişik pursatynda kömek soramaga hakly. Tanklar, uçarlar, artilleriýa ulgamlary. Azatlyk zulumdan erbet ýaraglanmaly däldir” diýip, Zelenski ukrainalylara eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Zelenski biraz öň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen bir sagat telefonda gürleşip, anyk goranyş goldawyny, Russiýa garşy girizilmeli sanksiýalaryň täze tapgyry, maliýe we ynsanperwer kömegi barada maslahat etdi.

Pentagonyň resmisi Baýdeniň mart aýynyň ortalarynda wada beren ýaraglarynyň entek hemmesiniň Ukraina getirilip berilmändigini aýtdy.

Goranmak sekretarynyň kömekçisi Seleste Wallanderiň kongres diňlenişiginde aýtmagyna görä, Ukraina gowşuruljak täze harby kömegiň arasynda kamikadzä çalymdaş 100 sany pilotsyz uçar, “Switchblade” dronlary hem bar.

Şeýle-de Wallander ABŞ-nyň Ukraina sowetler tarapyndan öndürilen S-300 anti-uçar batareýalaryny ibermegiň üstünde işleýändigini aýtdy.

Şu aralykda, Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky urşuň Russiýanyň we Ukrainanyň ykdysadyýetine ýetirýän betbagtçylykly täsirleri barada duýduryş berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG