Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Ukrainadan yza çekilmegi şübhe döredýär, söweşler dowam edýär


Kiýew
Kiýew

Orsýetiň Ukrainadan goşun çykarjagyny yglan etmegine ynamsyz garalýar, sebäbi çaknyşyklaryň soňuna çykmakda öňegidişligiň boljagyna edilen umytlara garamazdan, birnäçe sebitde gijelerde howa hüjümleri we güýçli söweşler dowam etdirildi.

Göz öňünde tutulmadyk çozuşa bir aýdan gowrak wagt geçensoň, 29-njy martda Stambulda iki tarapyň ýüzbe-ýüz duşuşmagyndan soň, Russiýa parahatçylyk gepleşikleri ugrundaky "özara ynamy artdyrmak" üçin Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň we demirgazyk Çernihowyň golaýyndaky hereketlerini bes etjekdigini aýtdy.

Emma Çernihow sebitiniň gubernatory 30-njy martda gijäniň dowamynda rus hüjümleriniň gowşamagyny görmändigini aýtdy. Iňlis harby aňtaw gullugy söweş meýdanynda uly ýitgi çeken rus goşunlaryny täzeden gurnamak we gaýtadan herekete geçmek üçin öýlerine hem-de goňşy Belarusa gaýdyp barmaga mejbur bolandygyny 30-njy martda aýtdy.

Gubernator Wýaçeslaw Çaus Telegramdaky wideo ýazgysynda "Russiýanyň beren wadasyna ynanýarysmy? Elbetde ynanamzok" -diýdi.

"Duşman Çernihow sebitinde 'azalýan işjeňligini' görkezdi, Nežin şäherine zarbalaryny, şol sanda howadan hem gije-gündiziň dowamynda Çernihow şäherine hüjüm etdi" -diýip Çaus aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, Russiýa ýerüsti dolandyryş ukybynyň gowşaklygynyň öwezini dolmak üçin köpçülikleýin artilleriýa we raketa zarbalaryny dowam etdirer.

Ýakynda Moskwa Ukrainadaky planlarynyň birinji bölegini ýerine ýetirendigini we esasy ünsi indi Ukrainanyň günorta-gündogaryna gönükdirjekdigini, 2014-nji ýyldan bäri goldaýan separatistlerine bermek üçin has köp territoriýa eýelemäge synanyşýandygyny aýtdy.

30-njy martda Norwegiýanyň mejlisinde çykyş eden Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň käbir amallary giňeltmek baradaky wadalaryna seresaplylyk bildirdi we 29-njy martyň ahyrynda gündelik wideo ýüzlenmesinde ukrainleriň “sada adamlar däldigini” aýtdy.

"Ukrainalylar bu 34 günlük çozuşyň dowamynda we Donbassdaky soňky sekiz ýyllyk söweşiň dowamynda anyk bir netijä ynanyp bolmajakdygyny öwrendiler" -diýip Zelenskiý aýtdy.

Britan premýer-ministri Boris Jonson we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem şübhe bildirýärler we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň Russiýanyň sözlerine däl-de, hereketlerine ünsi jemleýändigini aýtdy.

"Russiýanyň edýän işi, Ukraina we onuň halkyna yzygiderli wagşylyk etmekdir we bu biziň gepleşýän wagtymyz dowam edýär" -diýip, Ýakyn Gündogara syýahat eden we Marokkodaky metbugat ýygnagynda çykyş eden Blinken aýtdy.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi Russiýanyň Kiýewiň golaýyndaky güýçleriniň diňe ýerini üýtgedýändigini aýtdy.

"Bu, Kiýew üçin abanýan howpuň gutarandygyny aňlatmaýar. Olar henizem ýurtda, şol sanda Kiýewde wagşylyk edip bilerler" diýip, Kirbi Russiýanyň Kiýewe garşy howa zarbalarynyň dowam edýändigini aýtdy.

"Biz muny yza çekilmek ýa-da gitmek diýip atlandyrmaga taýyn däl" diýip, Kirbi, "Biziň pikirimizçe, olar başga bir zady ileri tutmak üçin pikir ýöredýärler" diýdi.

Günorta port şäheri Mariupolda müňlerçe raýat rus güýçleriniň yzygiderli atyşyklary we howa zarbalary zerarly duzaga düşmek ýagdaýynda galýarlar.

Mariupol, bir aýdan gowrak ozal çozuş başlanaly bäri söweşleriň esasy merkezlerinden birine öwrülip, uruşdan ozal 400 müň ýaşaýjyly şäherdäki ýagdaý "apokaliptik" hökmünde häsiýetlendirilýär.

BMG-niň Ukrainadaky adam hukuklary missiýasynyň başlygy Reuters habar gullugyna beren maglumatynda bombalamak zerarly müňlerçe parahat ýaşaýjynyň ölen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

"Mariupolda müňlerçe adamyň ölmegi, parahat ilatyň ýogalan bolmagy mümkin diýip pikir edýäris" -diýip Matilda Bogner aýtdy we Missiýada takyk sanyň ýokdugyny, emma onuň maglumat ýygnamagy dowam etdirýändigini belledi.

BMG-niň Bosgunlar gullugynyň habaryna görä, 29-njy martda öýlän bosgunlaryň umumy sany 4.02 million bolup, olaryň ýarysyndan gowragy Ukrainadan Polşa çykdy.

"Ukrainadan gelen bosgunlaryň sany Orsýetiň hüjümi 5 hepde mundan ozal başlaly bäri indi 4 million boldy" diýip, BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi 30-njy martda ýazan twitinde aýtdy we ol "bu manysyz söweşden ejir çeken we göçürilen adamlara" goldawy ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýaňy Ukraina barandygyny aýtdy.

Moskwanyň 24-nji fewralda Ukraina çozmagy Russiýa garşy ykdysady we maliýe sanksiýalarynyň ençemesini döretdi.

Kreml gaz we nebit ýaly energiýa eksporty üçin tölegleri rublda talap etmek bilen garşylyk görkezmäge synanyşdy.

Günbatar muny "şertnamanyň bozulmagy" diýip atlandyrsa-da, Russiýanyň iň uly gaz importçysy Germaniýa, 30-njy martda gazyň ýurda akmagy bes etse, adatdan daşary ýagdaýyň döremeginiň ähtimaldygy barada "öňünden duýduryş" berdi.

Russiýanyň mejlisiniň başlygy Wýaçeslaw Wolodin 30-njy martda çykyş edip, ýewropaly syýasatçylar “gürrüňi bes etmeli, rublda töläp bilmeýändiklerine delil tapmaga synanyşmagy bes etmeli” diýdi.

"Gaz isleseňiz, rubl tapyň" -diýip Wolodin aýtdy.

Wolodin rublyň töleg syýasatyny ýurduň beýleki esasy eksportlaryna, şol sanda däne, dökün we metallara giňeltmegi teklip etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG