Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Ukraina $300 million möçberinde howpsuzlyk ýardamyny berer


Russiýa öz goňşusyna garşy esassyz çozuşa girişeli bäri, ABŞ Ukraina 1,6 milliard dollardan gowrak howpsuzlyk kömegini berdi.
Russiýa öz goňşusyna garşy esassyz çozuşa girişeli bäri, ABŞ Ukraina 1,6 milliard dollardan gowrak howpsuzlyk kömegini berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň goranyş kuwwatyny güýçlendirmek üçin $300 million möçberinde howpsuzlyk ýardamyny yglan etdi.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi 1-nji aprelde beren beýanatynda täze hemaýat bukjasyndaky enjamlaryň lazer bilen dolandyrylýan raketa ulgamlaryny, pilotsyz uçarlary, sowutly ulaglary, gijeki görüş enjamlaryny we ok därilerini, şeýle-de saglyk enjamlaryny öz içine alýandygyny aýtdy.

“Bu karar Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we bitewiligine tutanýerli ygrarlydygyny we onuň Russiýanyň saýlap alan urşuny yza serpikdirmekdäki gahrymançylyk tagallalaryny goldaýar” diýip, Kirbi aýtdy.

Şeýle-de, Kirbi “ukrainalylara zerur bolan goşmaça mümkinçilikleri anyklamak we üpjün etmek üçin” ABŞ-nyň ýaranlar we hyzmatdaşlar bilen işlemegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Russiýa öz goňşusyna garşy esassyz çozuşa girişeli bäri, ABŞ Ukraina 1,6 milliard dollardan gowrak howpsuzlyk kömegini berdi.

XS
SM
MD
LG