Rus gloşunlarynyň Ukrainadaky parahat ilata garşy eden wagşylyklary barada ýüze çykan çykan täze subutnamalardan soň, Ýaponiýanyň we New Zelandiýanyň premýer-ministrleri hem Moskwany halkara derejesinde ýazgarýanlara goşuldy.
"Ukrain raýatlarynyň rus goşunlary tarapyndan öldürilişi, zorlanyşy we agyr ýaradar ediilişi barada berlen habarlardaky ýagdaýlar ýazgarylman bilmez” diýip, New Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern 4-nji aprelde Wellingtondaky žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
"Russiýa bu eden işleri üçin dünýäniň öňünde jogap bermeli" diýip, ol öz hökümetiniň rus basybalyjylygyna garşy durýan Ukrainany alyp barýan göreşinde goldamak üçin goşmaça çäreleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny hem sözüne goşdy.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida habar berlen hadysalary "halkara hukugynyň bozulmagy" hökmünde häsiýetlendirdi.
Bu beýanatlar rus güýçleriniň elinde bolan Buça şäherçesinde tapylan jesetler baradaky habarlar çykandan soň edildi. Kiýewiň etegindäki Buçada, birnäçe hepde rus güýçleriniň gözegçiliginde galan şäherde atylyp öldürilen we köpçülikleýin mazarlara taşlanan ýa-da köçelerde, öldürilen ýerlerinde ýatan adamlaryň suratlary sosial ulgamlarda çap edildi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa 3-nji aprelde döwlet telewideniýesinde çykyş edip, bu aýdylýanlary “prowokasiýa” hökmünde ret etdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.