Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde "karantin okuw tertibi" saklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde sapaklary "karantin okuw tertibinde" geçmek düzgünleri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan mugallymlar 1-nji aprelden sapaklaryň pandemiýadan öňki tertipde geçilip başlanmagyna garaşandyklaryny, ýöne bu tamalarynyň puja çykandygyny aýdýarlar. Bu waka ýurtda koronawirus aladalary bilen bagly girizilen karantin çäklendirmeleriniň bölekleýin gowşadylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

"Mekdeplerde okuwçylary ýene iki topara bölüp okatmak tertibi dowam edýär. Mugallymlar okuw ýylynyň soňky çärýeginde pandemiýadan öňki tertipde sapak geçmäge uly umyt bilen garaşýardylar. Bu barada öňünden gürrüň edilen bolsa-da, olaryň bu umytlary puja çykdy" diýip, aşgabatly mugallymlaryň biri anonimlik şertinde 4-nji aprelde gürrüň berdi.

Mary welaýatyndaky we Aşgabatdaky beýleki habarçylarymyz hem, mekdeplerde synplary, soňky iki ýyla golaý wagtda bolşy ýaly, iki topara bölmek we her partada bir okuwçyny oturtmak düzgzniniň dowam edýändigini aýtdy.

Ýatlatsak, ýurduň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işiniň guramaçylygy boýunça “karantin düzgünleri” barada ilkinji gezek 2020-nji ýylyň awgustynda habar berildi. Şonda okuwçylar synplarda biri-birinden 2 metr aralykda oturdylyp, her synpyň okuwçy sany 15 okuwçy bilen çäklendirildi. Bu düzgünler ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň köpelýändigi baradaky maglumatlaryň fonunda peýda bolupdy.

Bilim işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda paýtagtyň orta mekdeplerinde ýygnaklar geçirildi.

Ýygnaklarda mugallymlara karantin çäklendirmeleriniň doly ýatyrylman, ýuwaş-ýuwaşdan gowşadyljakdygy, 2021-2022-nji okuw ýylynyň soňky çärýeginde-de okuwçylary birnäçe toparlara bölüp okatmak tertibiniň dowam etjekdigi aýdyldy.

"15, 16, 20 we 42-nji mekdeplerde geçirilen ýygnaklarda bilim resmileri kowid analizlerini tabşyrýanlaryň içinde heniz hem pozitiw netije görkezýänleriň bardygyny, şol sebäpli çäklendirmeleriň dowam etjekdigini aýtdylar" diýip, paýtagtly mugallym belledi.

Mundan başga-da, ýygnaklarda maska geýmek düzgüniniň hem dowam edýändigi nygtaldy. Şeýle-de, şu günler şäherde dümewleýän adamlaryň kändigi bellenilip, dezinfeksiýa işlerini yzygiderli geçirmeklik hem tabşyryldy.

"Bilim resmileri grip dümewi bilen kesellän okuwçylaryň bolsa, keselden doly gutulýança sapaga goýberilmeli däldigini aýtdylar" diýip, mugallym sözüni jemledi.

Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan mugallymlar sapaklaryň wagtynyň gysgaldylmagynyň, ýöne özleri tarapyndan okadylmaly sapaklaryň köpeldilmeginiň mugallymlaryň işini kynlaşdyrýandygyny ençeme gezek gürrüň berdiler. Şeýle-de, olar munuň üçin özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini hem aýtdylar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde sapaklaryň pandemiýadan öňki tertipde geçilip başlanmagyna garaşylandygy baradaky maglumatlar, Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemeginiň yz ýany, ýurtda pandemiýa çäklendirmeleriniň bölekleýin gowşadylýan mahalyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri häzirki güne çenli ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny tekrarlaýar. Ýöne häkimiýetler ýurtda karantin çäklendirmeleriniň dürli görnüşini girizip, bu çäreleri wirusyň öňüni almak tagallalary diýip düşündirýär.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz bazarlaryň ýene ýapylandygyny we giçlik sagat 6-dan soň hereketiň çäklendirilendigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, şäherde 10 günläp ekologik çäreler geçiriler. Transport çäklendirilýär. Işe welosipedli gatnamak talap edilýär. Adamlaryň işlerine pyýada barmaly bolýan halatlary köp bolýar. Medisina uniwersitetine, onkologiýa we beýleki keselhanalara barýan näsaglar, olarda işleýän we okaýan raýatlar transportdan kösenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG