Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda metjitlerde maska talap edilýär, Remezanyň öňüsyrasy käbir bazarlar açylýar


Türkmenistan raýatlaryň din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanaýar.

Türkmenistanda koronawirus aladalary sebäpli ýapylan metjitleriň gaýtadan açylmagy bilen, dini işgärler adamlaryň metjitlerde ybadatlaryny kesgitlenen sanitariýa talaplarynyň çäginde amal edip biljekdiklerini duýdurýarlar. Ýurtda soňky hepdeden bäri käbir COVID çäklendirmeleriniň gowşadylýandygy barada maglumatlar gowuşsa-da, ýerli ilat esasy söwda merkezleriniň, bazarlaryň heniz hem ýapykdygyny ýa-da juda çäkli tertipde işleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Remezan aýynyň öňüsyrasynda, galyberse-de Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemeginiň yzýany gowşadylýan pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, ýurtda metjitleriň gaýtadan açylmagyna garaşylýandygy barada ilkinji bolup habar beripdi. Azatlygyň bu barada geçen hepde beren maglumatyny hökümetçi ýarym-resmi neşirler 28-nji martda tassykladylar.

Olaryň maglumatyna görä, 29-njy martdan başlap adamlara ‘arassaçylyk-epidemiologiki şertlerini’ berk berjaý eden halatynda, metjitlerde köpçülik bolup namaza durmaga mümkinçilik beriljekdigi aýdyldy, emma talap edilýän şertleriň jikme-jikleri barada maglumat berilmedi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy sebitiň ençeme metjidine aýlanyp görüp, Remezan aýynyň öňüsyrasynda görülýän taýýarlyklar barada maglumat toplady.

“Türkmenabadyň metjitleriniň ymamlary adamlaryň adatdakysy ýaly juma we tarawa namazlaryna gelip biljekdiklerini, emma şol bir wagtda hökmany maska talabyny hem berjaý etmeli boljakdyklaryny aýdýarlar. Metjitlere ýangyn howpsuzlygy ýaly gulluklar hem aýlanyp, barlag geçirýärler we sähel kemçilik tapsalar dessine düzedilmegini talap edýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 31-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri geçen ýyl hem metjitleriň gaýtadan açylýandygyny yglan edipdiler. Emma geçen döwrüň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde adamlaryň köpçülikleýin metjitlerden kowulýan halatlary hem bolupdy.

Türkmenistanda metjitleriň gaýtadan açylmagy ýurtda 2-nji aprelde başlaýan Remezan aýyna gabat gelýär.

Bu aýyň dowamynda dini kadalary berjaý edýän musulmanlar günüň dogmagyndan tä onuň ýaşmagyna çenli iýmekden, içmekden, çilim çekmekden we jynsy gatnaşyklardan saklanýarlar. Bu aýda agyz beklenýär, doga-dileg edilýär we haýyr-sahawat berilýär.

Şol bir wagtda Remezanda, adatça, adamlar agzaçar, metjitlerdäki namaz üçin köpçülik bolup jemlenýärler.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan adamlar musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan bu aýyň öňüsyrasynda onsuz hem dowamly gymmatlaýan azyk harytlarynyň bahalarynyň hasam ýokarlanmagy bilen birlikde, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň ýapyk saklanmagynyň hem agzaçar bermek ýaly dini däplerine päsgelçilik döredýändiklerini aýdýarlar.

“Türkmenabatda metjitler açylsa-da köpugurly bazarlar we gurluşyk bazarlary ýapyk bolmagynda galýar. Geçen hepde käbir söwdagärler bazarlara harytlaryny getirip başladylar. Ilki olara hiç zat diýilmedi, emma 30-njy aprelde polisiýa aýlanyp, söwdagärleri dargatdy. Bazarlaryň haçan açyljakdygy barada hiç zat aýtmadylar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli telekeçileriň biri habarçymyza aýtdy.

Şol bir wagtda, Azatlygyň beýleki sebitlerdäki habarçylary ýurduň käbir künjeklerinde bazarlaryň açylandygyny ýa-da gysga wagtyň içinde açylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatdaky habarçymyz käbir söwdagärlere salgylanyp, 1-nji aprelde paýtagtyň “Berkararlyk” söwda merkeziniň we ilat arasynda "Lomaý" diýlip tanalýan "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" bazarynyň açylmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Bu maglumaty Aşgabadyň häkimligine tassyklatmak başartmady.

Maryda bolsa, iri bazarlaryň eýýäm işläp başlandygy barada maglumatlar gowuşýar. Emma telekeçiler söwdanyň çäklendirmelerden ozalky ýagdaýyna dolanmagy üçin ençeme aýyň gerek boljakdygy duýdurýarlar.

“Häkimiýetleriň birtaraplaýyn görnüşde bazarlary ýapmagy, köp telekeçini batyrdy, bu sebäpli janyna kast edenler hem boldy. Bazarlaryň gaýtadan açylany, elbetde, begendirýär. Ýöne häkimiýetler telekeçileriň arzlaryna gulak gabartmaýarlar, hiç hili eglişige gitmeýärler. Mysal üçin, biz söwda ýerimiz üçin her aý 1 müň – 1 müň 600 manat aralygynda arenda tölegini geçirmeli. Ýöne bu puly doly möçberde tölemäge tekeleçileriň köpüsiniň häzir gurby çatmaýar. Mundan başga, ‘barlag’ diýip gelýän dürli gulluklar hem para tamakin bolýarlar” diýip, maryly telekeçi 31-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol bazarlar açylsa-da, ýurtdaky dowam edýän ykdysady krizis sebäpli gurpdan düşen ilatyň haryt satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyna hem ünsi çekdi.

“Söwda juda haýal gidýär. Bazarlaryň ozalky tertipde işläp başlamagy üçin azyndan 6-8 aý gerek bolar. Ýöne häkimiýetleriň wadasynda durup-durmajagy hem sorag bolmagyna galýar. Ozalkylary ýaly, aradan biraz wagt geçeninden soň, bazarlaryň gapylaryna gaýtadan gulp asmajakdyklary hem gümana” diýip, telekeçi nygtady.

Azatlygyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, bu boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden aýdyňlaşdyryjy maglumat almak başartmady.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilatyň ykdysady şertleri barha ýaramazlaşýar, döwlet dükanlarynyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary ýitileşýär. Muňa garamazdan, döwlet media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini öňe sürmekden el çekmeýär.

Türkmenistan dünýäde raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanaýar. ABŞ-nyň Döwlet departamenti eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG