Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň 290 raýaty Stambuldan ýurduna gaýdyp bardy

"Türkmenistan howa ýollary" awiakompaniýasynyň Stambulyň halkara howa menzilindäki edarasy. Stambul, 29-njy mart, 2022-nji ýyl.

4-nji aprelde "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryny Stambuldan alyp bardy. 290 ýolagçy Türkmenabat şäherine çarter uçary bilen alnyp baryldy.

Azatlygyň habarçylarynyň gelen ýolagçylara salgylanyp, habar bermegine görä, "Türkmenistan" howa ýollarynyň uçary 5-nji aprelde ýerli wagt bilen 2:30 töwereginde Türkmenabat şäherine barypdyr. Uçar 4-nji aprelde sagat 21: 00-da Stambuldan uçupdyr.

Azatlygyň habarçylary we “Türkmenportal” ýarym resmi web sahypasy "Türkmenistan" howa ýollarynyň Boeing 777 kysymly uçary bilen Stambuldan 290 adamyň Türkmenabat şäherine eltendigini habar berdiler. "Türkmenportalyň" habarynda uçaryň Türkiýede we goňşy ýurtlarda bolan Türkmenistanyň raýatlaryny watanyna alyp barandygy aýdylýar.

Ondan öň 4-nji aprelde planlaşdyrylýan uçuşyň ýaragly konfliktiň fonunda Ukrainadan Türkiýä gaçyp giden talyplar üçin niýetlenendigi aýdylypdy. Bu barada 30-njy martda garaşsyz neşir turkmen.news habar berdi.

Stambuldan Türkmenabat şäherine baran uçaryň ýolagçylarynyň sözlerine görä, bortda ozal Ukrainadan Türkiýä ewakuasiýa edilen 100 töweregi türkmen talyplary bardy. Olardan başga-da, ýolagçylaryň arasynda çagaly aýallar we saglyk problemalary bolan adamlar bolupdyr.

"Bu uçuşa garaşýan köp adam öňünden geldi we howa menzilinde birnäçe günläp boldy. Adamlar bu uçuşa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy" -diýip, Azatlygyň çeşmelerinden biri aýtdy.

Ýatlatsak, Ukrainadan gaçyp çykan türkmenistanlylary alyp baran ilkinji uçar 10-njy martda Türkmenabat şäherine barypdy, şonda indiki uçuşyň 13-nji martda boljakdygy mälim edilipdi. Uçarlar Ukrainadaky söweşden gaçan türkmen raýatlary üçin Rumyniýadan we Polşadan guralypdy.

Bu aralykda, koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri adaty uçar gatnawyň ýatyrylmagy zerarly daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmen raýaty henizem watanyna gitmekde kynçylyk çekýärler.

Türkmenistanyň onlarça raýaty Stambulyň halkara howa menzilinde yzygiderli bolýarlar. Stambuldaky türkmen raýatlary ýurduna uçuşlaryň ýoklugyna garamazdan, seýrek tertipde guralýan çarter uçarlaryna bil baglap, Türkmenistana uçmak üçin mümkinçilik gözleýärler.

Hususan-da, 9-njy we 26-njy martda ellerinde bileti bar bolan onlarça adam "Türk howa ýollarynyň" çarter uçarlaryna münüp bilmedi. Türk awiakompaniýasynyň wekilleriniň habar bermegine görä, uçmaga rugsat berlen ýolagçylaryň sanawy Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy tarapyndan düzülýär.

Soňky wagtda Türkmenistanyň raýatlary üçünji ýurtlaryň üsti bilen öz watanyna aşýarlar. Aprel aýynyň başyndan bäri azyndan onlarça raýat Özbegistan bilen serhet üsti gury ýer bilen Türkmenistana gaýdyp geldi.

Habarçylaryň sözlerine görä, 1-nji we 2-nji aprelde türkmen-özbek serhedinden geçen Türkmenistanyň raýatlary Farapda üç hepdelik karantine ýerleşdirildi. Özbegistandan, esasanam 1-nji aprelde gelenleriň arasynda iki türkmen raýaty Moskwadan, galanlary Täjigistandan Özbegistana baryp, soň Türkmenistana barypdyr. Şol gün azyndan 75 adamyň serhetden geçendigini ýerli çeşmeleriň biri habar berýär.

"Türkmen hökümeti öz raýatlaryny gaty çäkli sanda kabul edýär" -diýip çeşme aýdýar.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawyny bes etdi. Netijede, ýurduň müňlerçe raýaty watanyna barmak mümkinçiligini ýitirdi.

2020-nji ýylyň awgust aýynda ýurduň hökümeti raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmek üçin çarter uçuşlaryny gurap başlady. Uçuşlaryň sany islegi kanagatlandyrmaýar. Dürli ýurtlardaky türkmen ilçihanalary tarapyndan düzülýän sanawlarda azyndan ýüzlerçe adam bar. Sanawlara adyny goşduran adamlaryň sözlerine görä, köpler iki ýyl bäri öz nobatyna garaşýarlar.

Stambulyň halkara howa menzilindäki bir gün

Stambul halkara howa menzilinde uçara garaşýan adamlar, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
1/11 Stambul halkara howa menzilinde uçara garaşýan adamlar, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Stambulyň halkara howa menzili, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
2/11 Stambulyň halkara howa menzili, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Türkmen raýatlarynyň öz ýurduna aşmak umydy birnäçe hepde, käte birnäçe aý uzaga çekýär.
3/11 Türkmen raýatlarynyň öz ýurduna aşmak umydy birnäçe hepde, käte birnäçe aý uzaga çekýär.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Diwardaky ýazgyda "Bu açmagyň wagty" diýilýär.
4/11 Diwardaky ýazgyda "Bu açmagyň wagty" diýilýär.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Türkmenistanyň raýatlary köplenç howa menzilinde ençeme günläp ýatmaga mejbur bolýarlar, köpüsiniň gitmäge ýeri ýok.
5/11 Türkmenistanyň raýatlary köplenç howa menzilinde ençeme günläp ýatmaga mejbur bolýarlar, köpüsiniň gitmäge ýeri ýok.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
"Türkmen howaýollarynyň" edarasy. Stambul, 2022-nji ýylyň 29-njy marty
6/11 "Türkmen howaýollarynyň" edarasy. Stambul, 2022-nji ýylyň 29-njy marty
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
"Türkmen howa ýollary" awiakompaniýasynyň belligi. Stambulyň halkara howa menzili, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
7/11 "Türkmen howa ýollary" awiakompaniýasynyň belligi. Stambulyň halkara howa menzili, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Türkmen ýolagçylary köplenç uly goşlary bilen barýar. Köpüsi Türkmenistana hemişelik gitmäge niýetlenýär. 
8/11 Türkmen ýolagçylary köplenç uly goşlary bilen barýar. Köpüsi Türkmenistana hemişelik gitmäge niýetlenýär. 
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Uklap ýatan ýigidiň başyndaky papakda "Täze döwür" diýlen ýazgy bar.
9/11 Uklap ýatan ýigidiň başyndaky papakda "Täze döwür" diýlen ýazgy bar.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
"Türkmen howa ýollarynyň" Stambulyň halkara howa menzilindäki ofisi hemişe diýen ýaly ýapyk. Aeroportyň işgärleriniň sözlerine görä, bu edara diňe çarter reýsleriniň Türkmenistana gidýän güni bir aýda ortaça iki gezek sanlyja sagatlyk açylýar. Bu ýere barýan adamlaryň sany birnäçe ýüze ýetýär, emma aglaba köpüsine ýer bolmaýar, sebäbi Türkmenistana diňe öňünden düzülen sanawda ady bolan adamlar gidip bilýär. Sanawlar Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda düzülýär.
10/11 "Türkmen howa ýollarynyň" Stambulyň halkara howa menzilindäki ofisi hemişe diýen ýaly ýapyk. Aeroportyň işgärleriniň sözlerine görä, bu edara diňe çarter reýsleriniň Türkmenistana gidýän güni bir aýda ortaça iki gezek sanlyja sagatlyk açylýar. Bu ýere barýan adamlaryň sany birnäçe ýüze ýetýär, emma aglaba köpüsine ýer bolmaýar, sebäbi Türkmenistana diňe öňünden düzülen sanawda ady bolan adamlar gidip bilýär. Sanawlar Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda düzülýär.
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Stambulyň halkara aeroportundaky ýolagçylar
11/11 Stambulyň halkara aeroportundaky ýolagçylar
Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.
Previous slide
Next slide

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir
XS
SM
MD
LG