Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aeroportda garaşyp ýatmak, sanawlar we "ýörite uçarlar". Türkmenistanlylar watanyna dolanmak üçin mümkinçiligiň gözleginde


"Türkmen howa ýollarynyň" Stambulyň halkara howa menzilindäki ofisi hemişe diýen ýaly ýapyk durýar. Stambul, 2022-nji ýylyň 24-njy marty

Stambulyň howa menzili watanyna gitmek üçin mümkinçilik gözleýän ýüzlerçe türkmenistanlynyň mekanyna öwrüldi. Bu ýerde gije-gündiz duş gelýän türkmen raýatlary, Türkmenistana bilet satýan awiakompaniýalaryň müşderileri, ýagny olaryň köpüsinde türk we türkmen howa ýollary kompaniýalarynyň biletleri bar. Adamlar köplenç "Türkmen howa ýollarynyň" hemişe diýen ýaly ýapyk durýan edarasynyň öňünde ýerleşýär.

Türkmenistanyň onlarça raýaty Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde yzly yzyna bolýar. Olar ýurtlaryň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň ýoklugyna garamazdan, seýrek çarter uçuşlaryna bil baglap, Türkmenistana uçmak üçin mümkinçilik gözläp aeroporta barýar.

29-njy martda azyndan on adam, şol sanda ýaşy uly aýallar bardy. Olar 1-nji aprelde Türkmenistana boljagy aýdylan uçuşa umyt edip, howa menzilinde öňünden bardylar. 1-nji aprelde Türkmenistana uçaryň boljagyny 26-njy martda yglan edilen “Türk Howaýollary” bu uçary ýatyrýandygyny 29-njy martda mälim etdi.

Bu kompaniýanyň wekilleri uçaryň ýatyrylmagynyň sebäbiniň Türkmenistan tarapyna bagly bolandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

“[Türk Howa ýollary] 1-nji aprelden Aşgabat şäherine uçuşlary dowam etdirmäge taýyn. Ýöne bu türkmen tarapyna bagly" - diýip, kompaniýanyň Stambulyň halkara howa menzilindäki kassasynyň işgäri 29-njy martda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu habar elinde biletleri bolan ýolagçylar üçin ýene bir zarba boldy. 26-njy martda Stambuldan Türkmenbaşa barýan uçara münüp bilmedik käbir türkmen raýatlary şondan soň howa menzilinde indiki uçuşa garaşmak üçin galypdylar.

"Indi näme etjegimizi bilemzok. Kime ýüz tutmalydygymyzy bilemzok" -diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmenleriň biri aýtdy.

Söhbetdeşimiz diňe bir mart aýynyň dowamynda iki gezek 9-njy we 26-njy martda Türkmenistana uçmaga synanyşdy. Şol çarter uçarlaryny "Türk Howa ýollary" dolandyrdy, ýöne kompaniýanyň howa menzilindäki wekilleri uçar özlerine degişli bolsa-da, reýsiň Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy tarapyndan gurnalandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

26-njy martda TK 4912 reýs Stambuldan Türkmenbaşy şäherine ugrady. Registrasiýa göräýmäge adaty uçuşlara mahsus tertipde geçdi, ýöne iş ýüzünde registrasiýa goýberilen adamlara diňe sanaw esasynda ýol berildi.

"Uçar biziňki, emma sanawlar we ýolagçy sany barada maglumatymyz ýok. Sistema bu maglumatlary görkezenok" -diýip, "Türk Howa ýollarynyň" Stambulyň aeroportundaky işgärlerinden biri Azatlyga aýtdy.

Awiakompaniýanyň beýleki wekili diňe uçaryň doludygyny habar berip biljegini aýtdy.

Şol uçara azyndan ondan gowrak adam münüp bilmedi. Aeroportda galan türkmen raýatlarynyň Azatlyk Radiosyna aýdyşy ýaly, olaryň atlary hem ilçihananyň ýöredýän sanawlarynda bar. Emma olaryň uzak wagtlap sanawda bolmagyna garamazdan, nobatlary öňe süýşenok. Käbirler iki ýyl töweregi nobatyna garaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, gidýänleriň sanawynda goşulmadyk adamlar-da, häkimiýetleriň rugsadyna garaşman umydy elden bermeýärler we howa menziline gelýärler.

Adamlar indiki reýs barada biri-birinden bilýärler we uçarda özlerine ýer tapyljagyny umyt edip, yzygiderli aeroporta baryp durýarlar. 26-njy martda howa menzilinde bolan iki ýigit özleriniň pandemiýa başlaly bäri Türkmenistana uçmaga synanyşýandyklaryny gürrüň berdiler.

Olar öz atlarynyň ilçihananyň sanawynda bardygyny we 2020-nji ýyldan başlap uçmak mümkinçiligini gözleýändigini aýtdylar. Ilçihanada olara her gezek diňe saglyk problemalary bolan adamlaryň uçarlara salynýandygy aýdylypdyr.

“Registrasiýa edilýänleri görüň, hemmesi ýaş we sagdyn görünýär. Biz munuň dowamynda diňe bir garry aýaly gördük "-diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

"Türk Howa ýollarynyň" wekilleri öz müşderilerinde biletleriň bardygyna garamazdan, olary uçara mündürmekde ýardam berip bilmejekdiklerini aýdýarlar we türkmen konsullygynyň sanawyna salgylanýarlar. Olar kompaniýanyň bilet satmak düzgünlerine laýyklykda Türkmenistana barýan uçarlara bilet satýandygyny aýdýarlar, emma uçuşlaryň amala aşyrylmagynyň türkmen tarapyna garaşly bolýandygyny belleýärler.

Türk kompaniýasynyň Stambulyň aeroportundaky edarasynyň işgäri öz uçarlarynyň Türkmenistana uçmaga taýýardygyny, ýöne munuň türkmen tarapyna baglydygyny aýdyp, "bu syýasy mesele" diýdi. Mundan başga-da, ol kompaniýanyň bilet satylanda ýolagçylara uçuşyň boljakdygyna kepillik berip bilmejekdigini aýdýandygyny habar berdi.

2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli halkara gatnawlaryny ýatyrandan soň, dürli ýurtlarda ýaşaýan müňlerçe türkmen raýaty, öz watanyna dolanmak mümkinçiligini ýitirdi. Iki ýylyň geçmegi bilen Türkmenistan yzygiderli uçuşlary dikeltmedi, ýurtda koronawirusyň bardygyny hem ykrar etmedi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda beýleki ugurlarda howa gatnawyny täzeden başlamak barada eden meýilnamalarynyň geljegi hem näbelliligine galýar.

Türkmenistanyň ýarym resmi habar beriş serişdeleri mart aýynyň ahyrynda, "Türkmen howa ýollary" tarapyndan halkara gatnawlaryň gaýtadan dikeldilmegi barada habar berdiler. 28-nji martda garaşsyz neşir turkmen.news öz hökümet çeşmelerine salgylanyp, ýurduň içinde uçuşlary dowam etdirmek barada "entek gürrüň ýok" diýip habar berdi.

"Türkmen howa ýollarynyň" resmi web sahypasynda hem bu barada maglumat ýok. 29-njy martda agentligiň wekili Azatlyk Radiosyna diňe halkara çarter reýsleriniň bardygyny we entek yzygiderli uçuşlaryň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy.

Bu aralykda, turkmen.news neşriniň habar berişine görä, ýaragly çaknyşyk wagtynda Ukrainadan Türkiýä gaçyp giden talyplar üçin ýörite uçuş 4-nji aprelde meýilleşdirilýär. Neşiriň habaryna görä, talyplar üçin uly Boeing 777 uçary iberiler we onuň bilen ýurda 275 adam gaýdyp geler.

"Koronawirus epidemiýasy sebäpli ozal daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlaryny ewakuasiýa etmekden tapawutlylykda ukrain uniwersitetleriniň talyplaryny öz watanyna ewakuasiýa etmek işi has tiz amala aşyrylýar" - diýip, neşir belleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG