Russiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň (LDPR) lideri, bu partiýasynyň düýbüni tutujy, Döwlet dumasynyň sekiz çagyryşynyň ählisi boýunça deputat bolan Wladimir Žirinowskiý 76 ýaşynda aradan çykdy.
Bu habary Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin yglan etdi. Žirinowskiý biraz wagt öň koronawirus ýokuşmasy sebäpli keselhana ýerleşdirilipdi.
Russiýanyň döwlet habar gullugy “Nowosti” 25-nji martda, Federasiýa Geňeşiniň agzasy Aleksandr Pronýuşkine salgylanyp, Žirinowskiniň ýogalandygyny habar berdi. Bu habary “Maş” neşiri hem çap etdi. Ýöne şonda bu maglumat tassyklanmady.
Resmi maglumata görä, şonda syýasatçynyň saglyk ýagdaýy durnuklydygy we onuň keselhanada bejergi almagyny dowam etdirýändigi aýdylypdy.
W. Žirinowskiý 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly ada mynasyp bolanyndan soň, president Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduny gowy bilýän syýasatçy hökmünde taryplady.
Ol Liberal demokratik partiýanyň resmi saýtynda çap edilen sözlerinde Türkmenistan bilen ykdysadyýetiň ähligi pudagy, ylym we medeniýet boýunça gowy gatnaşygyň ýola goýlandygyny, bu ýurtda rus diliniň öwrenilişinden örän hoşal bolandygyny aýtdy.
W.Žirinowskiý, ak mermerli jaýlaryny görüp, Türkmenbaşy şäherini hem taryplady. Onuň sözlerine görä, “ak daşyň reňki döwletiň bitaraplyk durumyna laýyk gelýär.”
Şondan öň ol Merkezi Aziýa ýurtlary hakynda başga pikirdedi, ýagny olaryň Orsýetiň düzüminde “merkezi aziýa federal okrugy” bolmalydygyny aýdýardy.
Ýöne Žirinowskiý 2020-nji ýylda, Döwlet dumasynyň 21-nji oktýabrda geçirilen ýygnagynda Türkmenistanyň mekdeplerinde “rus dilli klaslaryň ýapylmagyndan” alada bildirdi.
“Türkmenistanda iň soňky rus mekdebiniň ýapylandygy aýdylýar” diýip, Žirinowskiý deputatlara ýüzlendi.
Şol bir wagtda-da ol bu maglumatyň ilçi tarapyndan ret edilendigini aýtdy.
“Bu ýalňyş, häzirki wagtda Türkmenistanda rus dilli klasly 71 mekdep hereket edýär" diýip, Žirinowskiý, görnüşinden, Aşgabatdaky rus ilçisiniň hatyny sitirledi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi şol ýylyň 15-nji sentýabrynda beýanat çap edip, rus dilli klaslaryň ýapylmagy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden düşündiriş sorandygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewral aýynda Žirinowskiniň koronawirus bilen kesellemegi we hassahana ýerleşdirilmegi baradaky habary "çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini" aýtdy.
“Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen, Siz häzirki döwürde bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriň Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatynda bellenýär.
Dyzmaç rus syýasatçylarynyň biri bolan Žirinowskiý 1991-nji ýylda LDPR partiýasyny esaslandyraly bäri dawaly beýanatlary bilen ýakasyny tanatdy. Ol 1990-njy ýyllaryň ortasynda, ikinji çeçen urşy başlananda Demirgazyk Kawkaz respublikasyna ýadro bombasyny taşlamagyň tarapynda çykyş etdi.
Moskwanyň Ukrainanyň serhedinde goşun toplamagy bilen, Orsýetiň goňşy ýurda hüjüm etmek ähtimallygy bilen bagly aladalaryň arasynda, ol öz haýbatly çykyşlaryny hasam ýygjamlaşdyrdy we 27-nji dekabrda milli telewideniýede eden çykyşynda rus harbylary Täze ýyl gijesinde Ukraina bomba hüjümini etmeli diýdi.
“Eger-de men prezident bolan bolsam, onda şular ýaly hüjümi 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije, daňdan sagat 4-ler ýa 5-ler töweregi, haçanda her kim entek serhoş wagty amala aşyrardym” diýip, Döwlet dumasynyň başlygynyň orunbasary “Birinji kanalda” eden çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de, türk dilini we taryhyny gowy bilýän Žirinowski türki dilli halklaryň garşysyna edýän birtaraply, milletçilikli çykyşlary bilen tanalýardy.