Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus çozuşlary ýedinji hepdesine girdi, Ukraina has köp NATO ýaragyny soraýar


 Dmytro Kuleba
Dmytro Kuleba

Wladimir Putiniň Ukrainada başlan esassyz urşy 7-nji aprelde ýedinji hepdesine girensoň, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba Kiýewiň, rus güýçlerine garşy durup bilmegi üçin, zerur ýaraglaryň ählisi bilen wagtynda üpjün edilmegine çagyrdy.

"Meniň isleg sanawym örän ýönekeý. Onda diňe üç zat bar. Ýaraglar, ýaraglar we ýaraglar" diýip, Kuleba NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Ol NATO-nyň ýaranlaryndan has köp uçar, howa goragy ulgamlaryny, raketa we harby ulag iberilmegini sorady. Şeýle-de Kuleba Ukrainanyň Günbatardan Russiýa garşy nebit-gaz embargosyny girizmek barada edilýän talaby bes etmejekdigini aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski giçlik eden ýüzlenmesinde rus goşunynyň gündogarda täze hüjüme taýýarlanýandygyny duýdurdy. Kreml bu sebitdäki maksadynyň Ukrainanyň senagat merkezi bolan Donbasy “azat etmekden” ybaratdygyny aýdýar.

Prezident Zelenski Ukrainanyň hem söweşe taýýarlanýandygyny aýtdy.

Russiýanyň alty hepde dowam eden çozuşlary şu wagta çenli 4 milliondan gowrak adamyň daşary ýurda gaçmagyna sebäp boldy, müňlerçe adamy öldürdi ýa-da ýaralady, ilatyň dörtden bir bölegini öýsüz-öwzarsyz galdyrdy, şäherleri haraba öwürdi.

Bu ýagdaýlar günbatar ýurtlarynyň rus elitasyna we ykdysadyýetine garşy bir topar çäklendirme girizmegine alyp geldi.

BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýany BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykarmak meselesine 7-nji aprelde ses berer. Birleşen Ştatlar we onuň günbatar ýaranlary Kremle uruş jenaýatlary diýip atlandyran ganhorluklary sebäpli täze sanksiýalar toplumyny girizmekçi bolýar.

XS
SM
MD
LG