Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa gündogar Ukrainadaky hüjümini güýçlendirýär, Zelenski has kän halkara kömegini soraýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 

Rus güýçleriniň ýurduň gündogaryndaky hüjümlerini ýygjamlatmagy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Moskwanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşundan aman galmak üçin, öz ýurdunyň has kän daşary ýurt kömegine mätäçdigini aýtdy.

Zelenski 11-nji aprelde wideo arkaly Günorta Koreýanyň kanun çykaryjylaryna ýüzlenip, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan mejbur edilmese, Russiýanyň fewral aýynyň ahyrynda başlan çozuşyny bes etmejekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Russiýanyň Ukrainada ýüzlerçe infrastruktura desgasyny, şol sanda azyndan 300 sany saglyk öýüni ýykyp-ýumrandygyny, indi bolsa ýurduň gündogar bölegine hüjüm etmek üçin on müňlerçe esger jemleýändigini aýtdy.

Rus goşunlary günortada daşy gabalan port şäherini, Mariupoly ele geçirmek üçin edýän hüjümlerini dowam etdirýärler. Bu ýer olara Russiýanyň gözegçiligine geçirilen günbatar we gündogar sebitleri birleşdirmek üçin zerur.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG