Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew sebitinde ýene ýaşaýjylaryň köpçülikleýin jaýlanan ýeri tapyldy


Rus güýçleriniň atan toplarynyň netijesi. Çernihow, 6-njy aprel, 2022.

Ukrain resmileri Kiýew sebitiniň Buzowaýa obasynda onlarça parahat ýaşaýjynyň jesediniň jaýlanan ýeriniň tapylandygyny habar berdiler.

Bu rus goşunlary basyp alan ýerlerinden çykarylandan soň tapylan köpçülikleýin mazarlaryň ýene biri boldy diýip, habarda aýdylýar.

Buzowaýany içine alýan Dmitrowski jemgyýetiniň başlygy Taras Didyç ukrain teleýaýlymyna beren gürrüňinde köpçülik mazarynyň ýangyç guýulýan stansiýanyň golaýyndan tapylandygyny aýtdy.

Resminiň sözlerine görä, bu obanyň üstünden geçýän esasy ýolda oka tutulan onlarça awtoulagyň içinden hem öldürilen adamlaryň jesetleri tapyldy. “Roýters” habar gullugy bu maglumaty entek tassykladyp bilmändigini aýtdy.

Şu aralykda, ukrain harbylary hem uruş wagtynda öldürilen rus esgerleriniň jesetleriniň köpçülikleýin jaýlanan ýerini tapandyklaryny aýtdylar.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň strategiki aragatnaşyk bölümi bu mazarlygyň Harkowdan sekiz kilometr uzaklykda ýerleşýän Olhowka obasyndan tapylandygyny aýtdy we onuň suratlaryny çap etdi.

Uruş şertlerinde bu maglumatlary tassyklamak ýa-da inkär etmek mümkin däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG