Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Ukraina gumanitar kömek iberdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistandan Ukrainanyň Transkarpatiýa sebitine 34 tonnadan gowrak agramy bolan gumanitar ýük gelip gowuşdy.

Sebit administrasiýasynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Özbegistanyň Ukraina iberen gumanitar kömegi 8-nji aprelde geldi. Onda saglyk enjamlarynyň, uzak wagt saklanylýan azyk önümleriniň we beýleki zatlaryň bardygy aýdylýar.

Sebit ýolbaşçysy Wiktor Nikita Özbegistanyň hökümetine iberen kömekleri, Ukrainanyň Özbegistandaky ilçisi Mykola Doroşenko bolsa utgaşdyryş işleri we netijeli ynsanperwerlik koridory üçin minnetdarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG