Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: Azyk ýene gymmatlady, bankomatlarda nagt gytaldy, Internetiň tizligi peseldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň ilaty bazarlarda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen nobatdaky gezek ýüzbe-ýüz bolýar. Azyk gymmatçylygynyň we nagt kynçylyklarynyň arasynda, ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkanda hem Internetiň tizligi düýbünden pese gaçdy. Bu maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkana etmegine garaşylýan saparynyň yza süýşürilendigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Balkandaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, Türkmenbaşy şäherinde ýeralmanyň, soganyň we pomidoryň bahasy 25% gymmatlady. Etiň bir kilogramy 65 manatdan 78 manada, çylka etiň bahasy 90 manatdan 115 manada ýokarlandy.

Türkmenbaşynyň ilaty azyk gymmatçylygy bilen bir wagtda, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.

"Musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan oraza aýy dowam edýän mahaly, azyk gymmatçylygy we bankomatlarda pul goýulmazlygy şäher ilatynyň ýan problemasyna öwrüldi" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde 14-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, döwlet tarapyndan ilata subsidirlenen bahadan berlen önümleriň bahasy bazar nyrhlary bilen deňleşensoň, häzirki wagt ýerli ýaşaýjylar arzan haryt gözlegine düşýärler.

"Bir litr pagta ýagy hem 37 manada gymmatlady. Onuň döwlet bahasy 3,5 manada barabardy. Bazaralardaky we dükanlardaky karantin çäklendirmeleri sebäpli teker üstündäki bazarlar hem peýda boldy. Emma arzan haryt hiç ýerde ýok" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.

Azyk gymmatçylygynyň we nagt ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkanyň ilaty hem Internetiň tizliginiň düýbünden pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Häkimiýetler VPN ussalaryna garşy göreşini hem güýçlendirýär.

"Balkanda VPN gurnap berýän ussalara soňky sapar duýduryş berildi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň kiber howpsuzlygyna gözegçilik edýän resmileri olara döwlet syrlaryna howp abandyrmak, maglumat syzdyrmak aýyplamalarynyň ýüklenjekdigi barada haýbat atýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 12-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti ýurtda iri sosial torlary, garaşsyz habar neşirleriniň websaýtlaryny petikli saklamakda tankyt edilýär. Internet ulanyjylary garaşsyz maglumat almak üçin Internet petigini böwüsýän gurallardan, şol sanda dürli VPN-lerden peýdalanýarlar. Ýurtda telefon ussahanalary ýa-da telefondan baş çykarýan käbir hünärmenler telefonlara VPN-leri gurnap berip gazanç edýärler.

Balkandan gelip gowşan soňky maglumatlar prezidentiň sebite etmegine garaşylýan saparynyň yza süýşürilendigi barada habar berilýän mahalyna gabat geldi.

"Täze prezidentiň Balkana planlaşdyrylan sapary ýakynda bolan güýçli ýel sebäpli yza süýşürildi. Onuň apreliň ahyrynda ýa maýyň başynda Balkana sapar etmegine garaşylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Ýatlatsak, Balkanyň häkimiýetleriniň prezident saýlawlaryndan soň, täze prezidentiň sebite sapar etmegine taýýarlyk görýändigi barada Azatlyk baryp 7-nji martda habar beripdi. Şonda habarçylarymyz onuň Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny, munuň bilen bagly geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak adamlaryň karantine alnandygyny aýdypdylar.

Bu sapar barada resmi metbugatda häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Ministrler Kabinetiniň 11-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda Balkanyň häkimi Taňryguly Atahallyýew hassahananyň açylyş dabarasyna, türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Şonda prezident şu ýyl bu baýramçylygyň esasy dabaralarynyň Balkanda giňden guraljakdygyny aýtdy. Resmi habarda döwlet baştutanyň Türkmenbaşyda täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi hem tabşyrandygy nygtaldy. Ýöne onda prezidentiň bu çärelere gatnaşmak üçin sebite sapar etjekdigi ýa etmejekdigi barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň ýurduň sebitlerine etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG