Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Remezan aýynyň başlamagy bilen Aşgabatda arzan et peýda boldy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Remezan aýynyň başlamagy bilen, Aşgabadyň häkimiýetleri ilata arzan bahadan et satyp başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän wagty, ilat arasynda arzan ete talabyň örän ýokarydygyny habar berýärler.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, bu et geçen hepdäniň ahyrynda Çoganly ýaşaýyş jaý massiwinde, 6-njy orta mekdebiň golaýynda satylyp başlandy. Eti satýan telekeçiler onuň tutuş remezan aýynyň dowamynda hepdede üç gezek satyljakdygyny aýdýarlar.

"Ete malyň ýüregi, ýagy hem garylyp berilýär. Oňa azajyk bagyr we öýken hem atypdyrlar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 11-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçylarymyz etiň we üwelen etiň sagat 9:00-14:00 aralygynda satuwa çykarylýandygyny, olaryň her bir kilogramynyň degişlilikde 40-50 manada deňdigini aýdýarlar. Etiň bazarlardaky bahasy 70-80 manada barabardyr.

Olar etden satyn almak isleýän raýatlaryň sanynyň juda kändigini, nobata duran adamlaryň arasynda uruş-dawanyň yzygiderli bolýandygyny hem habar berýärler.

"Täze prezident ilatyň öňünde öz hormatyny artdyrmak maksady bilen, mukaddes Remezan aýy mynasybetli hepdede üç gezek et we üwelen et satuwa çykarýar. Nobatda ummasyz alyjy bolup, et satyn almak dawa-jenjeller we hüjümler bilen utgaşýar. Munuň ilata kömekdigi ýa halkyň üstünden gülmekdigi belli däl" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilatyň ykdysady şertleri barha ýaramazlaşýar, döwlet dükanlarynda un, çörek, ýag ýaly azyk önümleriniň üpjünçiligi ýitileşýär. Munuň bilen bir wagtda, bazarlarda azyk önümleriniň bahalary yzygiderli gymmatlaýar.

Häkimiýetler ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürlüligini döredýär. Döwlet dükanlarynda käbir gyt önümler peýda bolýar we bazarlarda bahalar peselýär. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň ýa syýasy çäräniň yz ýany aradan aýrylýar.

Şeýle ýagdaý soňky gezek 12-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Şonda ýerli kärhanalar tarapyndan öndürilen önümler, şol sanda ýumurtga, şireli içgiler, ýarym taýýar harytlar arzanladyldy.

Emma 15-nji martda, saýlawdan üç gün geçip-geçmänkä habarçylarymyz arzan harytlaryň gaýtadan gymmatlandygyny, arzan towuk budlarynyň we çöregiň satuwdan ýitendigini habar berdiler.

Galyberse-de, martyň ahyrynda habarçylarymyz Remezan aýynyň öňýany, onsuz hem dowamly gymmatlaýan azyk harytlarynyň bahalarynyň ýene ýokarlanyp başlandygyny habar berdiler.

Habarçylarymyz 11-nji aprelde paýtagtyň bazarlaryndaky nyrhlara salgylanyp, harytlaryň bahalarynyň saýlawlardan soňra ortaça 15% ýokarlanandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, saýlawlardan öň bananyň bir kilogramy 18 manada deňdi. Häzir ony, hiline görä, 22-25 manatdan satyn alyp bolýar. Almanyň kilogramy 9-10 manatdy, häzir 17 manat bahalanýar.

Habarçylarymyz “Teke bazaryndaky” käbir azyk önümleriniň bahalary barada hem maglumat berdiler. Olaryň sözlerine görä, bir litr ösümlik ýagy 33-35 manat, pomidoryň bir kilogramy 3 manat 90 teňňe, ýeralma 6 manat 90 teňňe, hyýar 3 manat 90 teňňe, sogan 4 manat 90 teňňe, apelsin 10 manat, käşir 3 manat, şeker 16 manat, ýagsyz süzme 15 manat we ýagly süzme 20 manat bahalanýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ýurt raýatlarynyň azyk üpjünçiligini doly kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýär. Muňa garamazdan, döwlet media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini öňe sürmekden el çekmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG