Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan Russiýa Türkiýäniň üsti bilen barmagyň täze usuly döredi


Aşgabadyň aeroporty (illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň aeroporty (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistandan Russiýa gitmegiň ýene bir ýolunyň Türkiýäniň üstünden geçýändigi mälim boldy. Bu mümkinçilik barada Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygy habar berýär. Russiýanyň konsullygynyň Telegram-kanalynda 22-nji aprelde Türk Howaýollarynyň uçarynyň Türkmenistandan ugraýandygy barada habar berildi.

Russiýanyň konsullygynyň Telegram-kanalynda 14-nji aprelde çap edilen maglumata görä, 2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde "Türk Howaýollary" Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugrunda uçuşi meýilleşdirýär.

Has giňişleýin maglumat üçin "Türk Howaýollarynyň" kassasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris, diýlip, Russiýa Federasiýasynyň konsullygynyň habarynda aýdylýar. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda uçuşlar barada maglumat ýok, ýöne bu ýerde wiza almagyň düzgünleri çap edilipdir.

Soňky ýyllarda ýurtdan gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany artmak bilen boldy. Türkmenistany terk etmegiň ýollaryndan biri Russiýa göçmäge hukuk berýän statusy almakdan ybarat.

Türkmenistan bilen beýleki ýurtlaryň arasynda yzygiderli gatnawlar henizem ýok. Bu ýagdaýda ýurtdan çykmagyň ýa-da girmegiň ýeke-täk ýoly, çarter uçuşlarydyr. Şeýle uçarlara münmek tertibi ilçihanalaryň sanawy esasynda ýöredilýär.

Mundan öň Russiýa çarter uçuşlary S7 awiakompaniýasy tarapyndan guralydy, ýöne ýakynda Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalar sebäpli S7 daşary ýurtlara uçmagy bes etdi. Garaşsyz “Turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna aýda ortaça üç-dört çarter uçuşy bolýardy. Biletleriň bahasy 400 dollardy.

7-nji aprelde Russiýanyň Türkmenistandaky konsullygy biletiň bahasynyň 600 dollara ýetendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 12-nji aprelde habar bermegine görä, häzir bir biletiň bahasy 612 dollar. Biletiň puly amerikan dollarynda talap edilýär.

"Bahalaryň şeýle ýokarlanmagyndan we puly resmi çalyşyk kursundan däl-de, diňe dollarda tölemek talaplaryndan adamlar gaharlanýar, ýurtdan gidýänler aňryçäk derejede talanýar" - diýip, çeşme aýdýar.

Ozalky gezek Türkmenistandan Orýete uçaryň 8-nji aprelde bolandygy habar berildi. "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary Aşgabat - Moskwa ugry boýunça gatnawy amala aşyrdy.

Şol gün, 8-nji aprelde "Türkmenistan" awiakompaniýasy Belarusdan hem uçuşy amala aşyrdy. Şonda Türkmen.news habar serişdesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki çeşmelerine salgylanyp, şol uçaryň Aşgabatdan Moskwa we Russiýadan gaýdyp barýarka Belarusa baryp, ýolagçylary Minskden Türkmenistana alyp barjakdygyny habar berdi. Uçuş Türkmenistanyň hökümetiniň buýrugy bilen guralypdyr.

Şol uçara degişli bolan ýene bir ýagdaý ol Minskden Türkmenbaşy, soňra bolsa Türkmenabat şäherine 9-njy aprelde ýagny garaşylyşyndan bir gün soň bardy. Uçaryň gijikmegine galp bomba howpy esasynda onuň Minskden uçansoň ýene-de yzyna gaýdyp, barlagdan geçmeli bolmagy sebäp bolupdyr.

Iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistandan gaýtmak we ýurda barmak üçin adaty howa gatnaw ýok. Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawlaryny bes etdi. Türkmenistany terk etmek ýa-da ýurda barmak isleýänler seýrek çarter uçuşlaryna garaşly bolmagyna galýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG