Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Türkmenistandan fewraldaky üçünji uçuşyny guraýar


“Sibir” howaýollarynyň uçary 25-nji fewralda Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçuşyny amala aşyrar diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

“Domodedowo” halkara howa menziliniň resmi web sahypasynyň maglumatyna görä, S78536 belgili uçar Türkmenabatdan ir sagat 09:50-de uçup, Moskwa wagty bilen 13:20-de Orsýetde gonmaly.

Orsýet soňky aýlarda Orsýete göçmek kararyna gelen türkmenistanlylar üçin onlarça uçuş gurnady we her uçarda 180 töweregi ýolagçyny Türkmenabatdan Moskwa getirdi.

Rus uçarynda Moskwa gelýän adamlaryň köpüsi şol bir wagtda Türkmenistanyň hem raýatlary bolup, aýdylmagyna görä, olar dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ata watanlaryny hemişelik terk etmek kararyna gelen türkmenler hasaplanýar.

Türkmen Helsinki fondunyň maglumatyna görä, Türkmenistandan Orsýete göçüp gitmek isleýän adamlaryň sany eýýäm birnäçe ýyl bäri dowamly köpelýär.

Türkmenistan ýurtda pasport berlip, täze raýatlyk alan adamlar hakynda maglumat berýär, emma rus raýatlygyny saýlap, ymykly göçüp gidýän türkmenistanlylaryň sanyny aýtmaýar.

Şeýle-de Türkmenistan, Türkiýede ýaşaýan zähmet migrantlarynyň Azatlyk radiosyna ýatmaklaryna görä, daşary ýurtda kyn ýagdaýa düşen raýatlaryna wagtynda we ýeterlik hossarlyk etmeýär, olary ýurda dolamak çärelerini bolsa, şu wagta çenli gijikdirip gelýär.

XS
SM
MD
LG