Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Halkara pul gaznasynyň başlygy bilen maliýe kömegini maslahatlaşdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Halkara pul gaznasynyň (HPG) başlygy bilen öz ýurdunyň maliýe ýagdaýy we uruşdan soňky dikeldiş meýilnamalary barada maslahat edendigini aýdýar.

“Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri [Kristalina] Georgiýewa bilen Ukrainanyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we uruşdan soňky dikeldiş işlerine taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdym” diýip, Zelenskiniň 17-nji aprelde ýazan twitinde aýdylýar.

“Biziň häzirki pursat üçin-de, gelejek babatynda hem anyk meýilnamalarymyz we garaýyşlarymyz bar. Halkara pul gaznasy bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Zelenski aýtdy.

Georgiýewa onuň sözlerini gaýtadan twit edip, Ukrainanyň hyzmatdaşlary tarapyndan berilýän dowamly ykdysady goldaw döwrebap, bäsdeşlige ukyply Ukrainany dikeltmegiň esasyny goýmak üçin zerur” diýdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal şu hepde Waşingtonda Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä Bankynyň resmileri bilen boljak duşuşyklara gatnaşyp, Russiýanyň 24-nji fewralda başlan urşundan soň tasdan doly çökere gelen ukrain ykdysadyýetine goşmaça maliýe serişdelerini sorar.

XS
SM
MD
LG