15-nji aprelde Gazagystan galla we un eksportyny çäklendirjegini yglan etdi. Bu çäklendirme häzirlikçe "içerki bazarda galla ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin" 15-nji iýuna çenli dowam eder. Häzirki wagtda bugdaý üçin eksport kwotasy, ýagny paýy 1 million tonna, un – 300 müň tonnadan köp däl.
Gazagystanyň eksport çäklendirmeleri Russiýanyň 15-nji martdan 30-njy iýuna çenli, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan) ýurtlaryna galla eksport etmegine girizilen gadagançylygyň bir bölegi. Russiýa bu ädimi Ukraina çozmagy sebäpli Günbatar sanksiýalaryndan soň, içerki azyk bazaryny goramak üçin edýändigi bilen düşündirýär.
UN ÜWEÝÄNLER MUŇA NÄHILI GARAÝAR?
Milli “azyk howpsuzlygy” baradaky ähli çäklendirmelerden soň, muňa ilkinji reaksiýa bildiren un üweýjiler boldy. Gallany gaýtadan işleýänler Russiýadan getirilýän "arzan" däne ýetmezçiligi sebäpli, degirmenleriň saklanjakdygyny çaklaýarlar. Olar ýerli bugdaýyň has gymmatdygyny aýdýarlar, onsoňam ýerli hasylyň özleri üçin elýeterli boljagynyň entek belli däldigini öňe sürýärler. Un öndürijiler Russiýada bolşy ýaly, Gazagystanda hem galla eksportynyň gadagan edilmegini isleýärler. Şeýle-de bolsa, hökümetiň diňe bir galla eksportyny däl, uny hem çäklendirmegi galla öndürijiler üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy.
Un öndürijiler Russiýadan däne eksport edilmegine girizilen gadagançylyga garamazdan, rus ununa çäklendirmeleriň ýoklugy barada alada edýärler. Gazagystanyň dänäni gaýtadan işleýän birleşiginiň prezidenti Ýewgeniý Gan 1-nji aprelde Zakon.kz saýtynda "häzir rus uny has köp gelýär" diýip ýazdy. “Iň bolmanda, rus uny serhetýaka sebitlere aralaşar, onuň bahasy has arzan" diýdi. Onuň sözlerine görä, däne kwotasynyň bir million tonna bellenmegi un öndürijileri geň galdyrýar.
Öň bir tonna rus dänesini 115-118 müň tengä (takmynan 264-271 dollar) satyn alýan Gazagystanyň un öndürijileri entek 150-160 müň tengeden, (takmynan 329-351 dollar) ýerli dänäni satyn almaga taýyn däldigini aýdýarlar.
ÄTIÝAÇDA NÄÇE GALLA HEM UN BAR?
Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi un öndürijileriň aladalaryna jogap berip, galla ýetmezçiliginiň ýokdugyny aýtdy. Ministrlik eksport üçin däne we un kwotalaryň girizilmegini goňşy ýurtlaryň bazarlarynda teklipleriň köpelmegi bilen baglanyşdyrdy.
Ministrlik içerki islegi we eksporty adatdakysy ýaly kanagatlandyrmak üçin, ýeterlik gallanyň bardygyny öňe sürýär.
“Gytçylygyň ýokdugyny, respublikada ýeterlik mukdarda däne bardygyny aýtmakdan başlamak isleýärin, biz hemmeleri tolgunyşyk döretmezlige hem öz şahsy gyzyklanmalaryny ilat baradaky aladalar bilen örtmezlige çagyrýarys" diýip, Oba hojalyk ministriniň birinji orunbasary Aýdarbek Saparow 11-nji aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Saparowyň sözüne görä, 1-nji aprelde respublikada 6,4 million tonna azyk bugdaýy bardy. 7-nji aprelde un ätiýaçlygy 118 müň tonna boldy. Mundan başga-da, Azyk korporasiýasynyň eýeçiliginde 800 müň tonnadan gowrak un bar. Zerur bolsa, ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin, ony ulanmak mümkin.
Gazagystan ozal hem dürli sebäplere görä, galla eksportyna wagtlaýyn çäklendirmeler girizipdi. Mysal üçin, soňky gezek Gazagystan koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan adatdan daşary ýagdaý wagtynda, 2020-nji ýylda galla we un eksporty üçin kwota girizdi.
Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, şu ýyl Ukrainadaky uruş sebäpli soňky hepdelerde galla eksportyny çäklendirýän ýurtlaryň sany 35-e ýetdi. Uruş galla söwdasynda esasy däne eksport edýän Russiýa bilen Ukrainanyň paýyny azaltdy.
ÝAGDAÝ INDI NÄHILI BOLÝAR?
Soňky ýyllarda Russiýanyň Omsk sebitine gurakçylyk ýaýrady, ol sebit Gazagystan bilen serhetleşýär. Şoňa laýyklykda bugdaý hasyly azaldy we isleg ýokarlandy. Soňra gallanyň bahasy-da ýokarlandy.
Şol wagtyň özünde, Russiýa käwagt bahany ýokarlandyrmak ýa-da arzanlatmak maksady bilen galla söwdasy üçin, eksport paçlaryny alýardy. 2020-nji ýylyň ahyryndan bäri galla üçin, nyrh kwotasyny girizdi we geçen ýyldan bäri üýtgäp duran erkin nyrhy ýöredýär. Bu çäräniň maksady içerki bazardaky bahalaryň durnuklylygyny saklamak diýilýär. Şeýle-de bolsa, bu çäklendirme Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlaryna degişli däl. Bu esasanam goňşy Gazagystana amatlydy, şeýle hem deňiz ýollaryndan sowa ýerleşýän we Uralda hem Sibirde ýetişen gallany satyn alýanlar – Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin peýdalydy. Russiýanyň bu sebitlerinden däne Gazagystanyň un öndürijileri tarapyndan hiç hili ýygym almazdan, arzan bazar bahasyndan getirilýärdi. Şeýle-de bolsa, Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly Russiýa garşy girizilen sanksiýalar Moskwanyň galla eksportyny gadagan etmegine sebäp boldy.
Käbir maglumatlara görä, bir wagtlar arzan rus gallasyny satyn alan Gazagystanyň un öndürijileriniň ammarlarynda un entek gutarmandyr. Öňde bolsa tomus. Eger un ammarlarda ýene saklansa, onuň zaýalanmagy mümkin. Şonuň üçin dänäni gaýtadan işleýänler we un öndürijiler uny çaltrak ýerlemek bilen gyzyklanýar.
Gazagystanyň dänäni gaýtadan işleýän birleşiginiň prezidenti Ýewgeniý Ganyň ozal satyn alnan arzan rus dänesiniň iki hepdäniň içinde gutarjakdygyny we degirmenleriň iki aýdan soň durjakdygyny aýdanyna, iki hepdeden gowrak wagt geçdi. Şeýle-de bolsa, şäher dükanlarynda we bazarlarda un ýetmezçiligi ýok.
GELJEKDE NÄMÄ GARAŞYLÝAR?
Milli statistika býurosynyň maglumatyna görä, 1-nji martda azyk bugdaýynyň ätiýaçlygy 5,9 million tonna boldy. Gazagystanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekili bu görkezijiniň has ýokarydygyny – 6,4 million tonna deňdigini mälim etdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ondan 3 million tonna eksport edilip bilner we 1,6 million tonna un üçin gaýtadan işlenip, sentýabr aýyna çenli, ýagny täze hasyla çenli çörek önümleri hökmünde satylyp bilner.
Bilermenler Russiýadan arzan däne importynyň bes edilmegi ýerli daýhanlara peýdaly bolar diýip hasaplaýarlar. Bäsdeşe ýol ýok bolsa, ýerli bugdaýa isleg artar. Öň diňe däne eksport edijiler ýerli hasyly talap eden bolsalar, indi un öndürijiler hem oňa isleg bildirerler.
Ukrainadaky söweş sebäpli Russiýa garşy girizilen sanksiýalar dollaryň hümmetini ýokarlandyrdy. Dökün, tehnika üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary – hemme zat daşary ýurtdan dollarda satyn alynýar, şonuň üçin daýhanlaryň ýagdaýy agyr bolýar. Häzir ýazky ekiş möwsümi başlandy. Şol bir wagtyň özünde, daýhanlaryň gallasyny özlerine bähbitli bahadan satyp biljekdigini çaklamak bolar.
MERKEZI AZIÝADA EKSPORTDA NÄME ÜÝTGEÝÄR?
Russiýanyň galla eksportyny gadagan etmegi, Moskwanyň Merkezi Aziýa asla galla satmajakdygyny aňlatmaýar. Merkezi Aziýa ýurtlary ýokarda agzalan rus kwotasyna laýyklykda däne satyn almak islese, oňa päsgelçilik ýok. Mysal üçin, Gyrgyzystan Russiýa bilen 450 müň tonna bugdaý kwotasy barada gepleşik geçirýär.
Özbegistan hökümeti azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, Gazagystandan 100 müň tonna bugdaý we un satyn almak barada karar çykardy we ýene 500 müň tonna import etmegi meýilleşdirýär. Özbegistan muňa Gazagystan däne we un eksportyna çäklendirmeler girizmezden ozal karar berdi, emma bu mukdar çäklendirmeleriň göwrümine laýyk gelýär. Özbegistany galla bilen esasy üpjün ediji Gazagystan.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, soňky bäş ýylda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary Gazagystandan, her aýda ortaça 500-600 müň tonna däne aldy. Bu gezek, hatda çäklendirmeler döwründe-de, Gazagystan şol mukdarda galla öndürip biler. Ýeke-täk tapawut diňe satuw bahasynda bolar.
Eksportçylar gallanyň 10 göterimini arzan bahadan Gazagystanyň Azyk Korporasiýasyna tabşyrandan soň, ol bahanyň hasabynyň öwezini galla iberilen ýurdundan dolup biler.
Hünärmenleriň pikirine görä, meseläniň syýasy tarapy hem bar. Hökümetler azyk ýetmezçiligi sebäpli, açlyk gozgalaňyny islemeýärler. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň häkimiýetleri, hususan-da, ýokary bahalara garşy protestler sebäpli Gazagystanda bolup geçen ýanwar wakalaryny ünsden düşürip bilmezler. Galla mätäç ýurtlar önümi subsidirlemek we arzan göterimine karz bermek ýaly çäreleri göz öňünde tutup, Gazagystandan gymmat bahaly däne satyn alarlar.
Gysgaça aýdylanda, sebitiň galla söwdasy baradaky aladalaryna garamazdan, Merkezi Aziýanyň degirmenleri işsiz durmaz.
Gazagystan däne we un söwdasynda, iň uly oýunçylaryň biri bolup, dünýädäki iň iri eksportçylaryň onlugyna girýär. Ol galla önümlerini dünýäniň 70-den gowrak ýurduna iberýär. Gazagystan bugdaýynyň esasy bazarlary Özbegistan, Owganystan, Täjigistan we Gyrgyzystan bolup durýar. Bu ýurtlaryň däne importynda gazak gallasynyň paýy takmynan 90 göterime barabardyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.