Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Ukraina goranmak üçin has köp artilleriýa ibermegi wada berdiler


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa we Kanada ukrain esgerlerine ýurduň gündogaryndaky sebitlere basyşyny güýçlendiren Orsýetden goranmaga kömek etmek üçin Ukraina has köp artilleriýa ibermegi wada berdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 19-njy aprelde britan premýer-ministri Boris Jonson, Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo we beýleki günbatar liderleri bilen geçirilen telefon gepleşiginden soň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, ABŞ-nyň iberjek ýaraglarynyň indiki tapgyrynyň arasynda artilleriýanyň boljakdygyny aýtdy.

Londonda çykyş eden Jonson "Bu artilleriýa konfliktine öwrüler, olar has köp artilleriýa goldawyna mätäç, biz muny goldawyň beýleki görnüşleriniň arasynda bereris" - diýip, kanun çykaryjylara aýtdy.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletli tälimi talap etmeýän enjamlar bilen birlikde "meýdanlarda derrew goýup boljak ulgamlary" ugratmaga synanyşýandygyny aýtdy.

Telefon söhbetdeşligine gatnaşan Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz hem Ukraina Germaniýanyň senagatyndan göni ýarag iberilmegini maliýeleşdirmegi wada berdi. Ol Germaniýa tarapyndan üpjün edilip bilinjek ýaraglaryň arasynda tanklara garşy ýaraglaryň, howadan goranyş enjamlarynyň, ok-därileriň, şeýle hem artilleriýa söweşinde ulanyp boljak enjamlaryň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG