Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew paýtagtda özüne bagyşlanan we adyny göterýän muzeýdäki sergä baryp gördi.
Nazarbaýewiň resmi web sahypasy "ýolbasynyň" "Gazagystanym meniň topragym" atly döredijilik festiwalynyň çäginde ilkinji prezidentiň muzeýinde 19-njy aprelde guralan çagalaryň suratlarynyň we senetleriniň sergisine baryp görendigini habar berdi.
Habarda "Nursultan Nazarbaýew ýaş suratkeşler bilen söhbetdeş boldy we muzeýiň tematiki zallarynyň täze eksponatlary bilen tanyşdy" diýilýär we bu habarda Nazarbaýewiň ýylgyryp duran suratary ýerleşdirilýär.
Bu, Nazarbaýewiň ýylyň başyndan bäri köpçülik ýerinde ilkinji gezek peýda bolmagydyr.
Ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda, gatnaşyjylaryň gahar-gazabynyň Nazarbaýewiň syýasy mirasyna we giňden ýaýran korrupsiýa garşy gönükdirilip, hökümete garşy protestleri gan döküşlige öwrülende, Nazarbaýew köpçüligiň öňünde açyk beýanat bilen çykyş etmedi.
81 ýaşly Nazarbaew uzak wagtlyk ýarany Kasym-Žomart Tokaýewi mirasdüşer edip, 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekildi. Ýöne ol Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirip, ýurduň lideri ýaly çäksiz ygtyýarlyklardan peýdalandy. Bu aralykda, garyndaşlarynyň köpüsi hökümetde, howpsuzlyk edaralarynda we girdejili energiýa toparlarynda möhüm wezipeleri eýeledi.
Protestlerden birnäçe gün soň, Nazarbaýewiň iki giýewisi Kaýrat Şaripbaýew we Dimaş Dosanow degişlilikde iki sany uly döwlet kompaniýasy bolan "QazaqGaz" we "KazTransOil" şirketlerindäki işden boşadyldy.
Nazarbaýew maşgalasynyň agzalarynyň işinden aýrylmagy bilen, köpler öňki prezidentiň we häzirki döwlet baştutanynyň töweregindäki adamlaryň arasynda häkimiýet ugrundaky göreşiň alamatlaryny gördüler. Nazarbaýew bilen Tokaýew özara gapma-garşylygyň ýokdugyny aýtdylar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.