Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler hususy dermanhanalardan bahalary arzanlatmagy talap edýär, durmuş gymmatlaýar


Türkmenbaşy şäheriniň demirýol menzili
Türkmenbaşy şäheriniň demirýol menzili

Günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde häkimiýetler hususy dermanhana eýelerinden derman serişdelerini arzan satmagy talap edýärler. Bu aralykda, döwlet dermanhanalarynda dermanlaryň bahasy ýokary bolmagynda galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

“Türkmenbaşyda häkimiýet wekilleri hususy dermanhanalardan dermanlary 10 göterimden 22 göterime çenli arzan satmagy talap edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy dermanhana eýeleriniň sözlerini getirýär.

Dermanhana biznesi bilen meşgullanýan telekeçiler özlerine döwlet tarapyndan walýuta konwertasiýa kömeginiň berilmeýändigini aýdýarlar, ýöne muňa garamazdan, “täze prezidentiň abraýyny galdyrmak üçin” dermanlaryň arzan satdyrylýandygyny aýdýarlar.

Dermanhana biznesi bilen meşgullanýan telekeçiler bähbide derek, bankroda tarap barýandyklaryny aýdýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy belleýär.

“Tebigat çeşmesi”, “Şagadam” dermanhana, “Sagdyn älem” ýaly 10-dan gowrak dermanhana ýapylmagyň öňüsyrasynda diýip, telekeçiler aýdýarlar.

Hususyýetçiler özleri üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli konwertasiýa mümkinçiliginiň döredilmeýändigini aýdýarlar. Türkmenistanda 2016-njy ýyldan soň erkin walýuta çalşygy çäklendirildi. Munuň yz ýany, geçen ýyllaryň dowamynda, walýuta söwdasyna girizilen çäklendirmeler has ýitileşdi.

Türkmenistanda derman senagaty esasan daşary ýurtlara garaşly bolup, derman serişdeleri esasan daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň ýokary döwlet wezipesine girişmeginiň öňüsyrasynda telekeçilere goldaw wada berdi, ýöne dermanhana biznesi bilen meşgullanýan telekeçiler özlerine “walýutanyň döwlet nyrhyndan konwertasiýa mümkinçiligi hödürlenmän” goldawdan mahrum edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne gara bazarda walýutanyň nyrhy resmi bahadan 5 esse töweregi ýokary bolmagynda galýar. Daşary ýurtlardan haryt getirýän telekeçiler daşary ýurt walýutasynda söwda etmeli bolýarlar.

Şol bir wagtda, walýuta çäklendirmeleri bilen bir hatarda ilatyň satyn alyş ukybynyň pese gaçmagy bilen derman serişdeleriniň geçmezligi hem telekçiler üçin ikinji urgy bolýar.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagyny üstünlik hökmünde öňe sürýär, ýöne ýokarlanýan aýlyklara aýakdaş gymmatlaýan harytlar ne döwlet metbugatynda, ne-de hökümet resmileriniň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar.

“Her ýyl göterilýän 10 göterim aýlyk bilen bedew bady bilen göterilýän ýüwrük bahalaryň yzyndan ýetmek asla mümkin däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli ykdysatçylar Türkmenbaşyda ýaşamak üçin bir maşgala zerur bolan puluň hasabyny çykaryp, durmuşyň gymmatlandygyny aýdýarlar.

“Türkmenbaşy şäherinde ýaşamak üçin bir maşgala azyndan 23 müň manat girdeji gerek. Şol girdeji bolmasa, maşgala sebedine ýetmeýär” diýip, ýerli ykdysatçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Hünärmen öz kärdeşleri bilen ýurduň ähli welaýatlarynda her bir maşgala üçin zerur bolan minimum girdejiniň hasabyny çykarandyklaryny aýdýar.

“Ykdysatçy dostlarymyz bilen her welaýatyň bazaryny öwrenip, ýörite kiçi ylmy barlag geçirdik – maşgala üçin minimum gerek bolan derman, çörek, ýol, benzin ýaly çykdajylaryň hem-de maşgala çäreleri üçin, egin-eşik, kommunal tölegler, dynç almak, saglygyňy dikeltmek we çagalaryň mekdebi üçin zerur bolan çykdajylaryň hasabyny çykardyk” diýip, ýerli ykdysatçy gürrüň berdi.

Günbatar Türkmenbaşy şäheri Türkmenistanyň dynç alyş şäheri bolup, ol Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG