Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda tapylgysyz dermanlaryň bahasy ep-esli ýokarlandy, ygtyýarnamasyz derman söwdagärleri ‘rowaçlanýar’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ygtyýarnamasyz derman satyjylary Lebabyň bazarlarynda tapylgysyz dermanlary gymmat bahadan satýar. Olarda döwlet bahasy 70 manatlyk “Doktor Mom” we “Brogeksin” siroplary 200 manat, öz bahasy 200 manatlyk “Arbidol” 500 manat. Ýerli ýaşaýjylar derman gytçylygynyň emeli döredilýändigini hem-de ygtyýarnamasyz derman söwdagärleriniň dürli ýollar bilen sebitde “derman monopoliýasyna” agalyk edýändigini aýdýarlar. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji ýanwarda habar berdi.

“Lebabyň dermanhanalarynda tapdyrmaýan dermanlar bazarlarda ygtyýarnamasyz söwda edýän derman satyjylarynda 100 göterim gymmat bahadan satylýar” diýip, bir lebaply Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň esasy bazaryna baryp, ygtyýarnamasyz derman söwdagärleriniň işleri bilen gyzyklandy.

Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, sebit dermanhanalarynda käbir dermanlar gytçylyk edýär. Bazarlardaky derman söwdagärleri, pursatdan peýdalanyp, gyt dermanlary gymmat bahadan satýar. Ýöne habarçy bilen gürrüňdeş bolan käbir ýerli ýaşaýjylar dermanhanalardaky käbir dermanlaryň gytçylygy bilen derman söwdagärleriniň işleriniň ‘rowaçlanmagynyň’ arasynda arabagalanyşyk gurýar.

“Olar emeli derman gytçylygyny döredip, derman monopoliýasyna ýol berýärler” diýip, ýagdaýdan habarly bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy derman monopoliýasy baradaky öňe sürmeleriň jikme-jikligini öwrendi.

“Darganatanyň daýhan bazarynda derman satýan, goşa dyrnak içindäki “üç sany telekeçi” welaýat dermanhanalarynda tapdyrmaýan dermanlary tapdyrýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu söwda işgärleri etrap dermanhanalaryndaky “adamlar üçin zerur dermanlaryň ählisini satyn alýarlar”.

“Olar şeýdip, etrapda hatda welaýatda emeli derman gytçylygyny döredýärler” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesine görä, “derman monopoliýasyna” agalyk edýän ygtyýarnamasyz derman söwdagerleri bu işleri ýerine ýetirmek üçin özleriniň güýç edaralaryndaky ‘hossarlaryndan’ hemaýat alýar.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň güýç edaralaryndan, şol sanda welaýat polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.

“Olar adamlary derman saýlamak hukugyndan aýyrdylar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler Darganatanyň merkezi dermanhanasynda her biri 1 manatdan adamlara çäkli möçberde, adam başyna 5-den satylmagy tabşyrylan maskalar etrabyň 1 belgili dermanhanasynda tapdyrmaýar.

“Bu maskalar goşa dyrnak içindäki “dermanhanalarda” her biri 3-4 manatdan satylýar” diýip, beýleki bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Derman üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

“Häzirki pandemiýa döwründe döwlet bahasy 200 manatdan bolan “Arbidol” atly wiruslara garşy derman bazardaky derman söwdagärlerinde 500 manatdan, “Ergafiron” 450 manatdan satylýar. “Doktor Mom” we “Brogeksin” siroplary 200 manatdan satylýar, olaryň döwlet bahasy 70 manat” diýip, darganataly gürrüň berdi.

“Böwrek we bagyr üçin hemişe ulanylmaly dermanlar hem döwlet dermanhanalarynda ýok” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda iki dürli dermanhana bar – döwlet dermanhanalary we hususy dermanhanalar. Resmi maglumatlarda ýurduň bazarlarynda derman söwdasy bilen meşgullanýan ygtyýarnamasyz derman söwdagärleri agzalmaýar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda döwlet dermanhanalarynda käbir dermanlaryň gytalmagy we ygtyýarnamasyz derman söwdagärleriniň işjeňleşmegi barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG