Ukraina öz howa giňişliginiň aglaba bölegine gözegçiligi dikeltdi diýip, britan aňtaw gullugy 27-nji apreldäki habarynda aýtdy.
"Russiýanyň Ukrainanyň demirgazygyndaky we günbataryndaky howa giňişligine bolan elýeterliligi örän çäkli, bu onuň uzak aralyga ýetýän ýaraglary ulanyp, çuňňur zarba urmaga mümkinçilik berýän hüjümlerini çäklendirýär” diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň twitterde çap eden gündelik habarynda aýdylýar.
"Russiýanyň howa işjeňligi esasan Ukrainanyň günortasyna we gündogaryna gönükdirilip, bu sebitde söweşýän gury ýer güýçlerine goldaw berýär" diýip, ministrlik Moskwanyň bütin ýurt boýunça ukrain harby desgalaryny we logistika ulgamlaryny nyşana almagy dowam etdirýändigini belledi.
Şeýle-de habarda Ukrainanyň gabaw astyndaky port şäheri Mariupola urulýan howa zarbalarynyň asuda adamlar üçin uly töwekgellik döredýändigi, sebäbi ýokardan taşlanýan bombalaryň ugrukdyrylmaýan bombalardygy aýdylýar.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok