Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Hytaý bilen harby hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Aşgabada sapara baran döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Weý Fenhe bilen görüşýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Aşgabada sapara baran döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Weý Fenhe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge umumy isleg bildirdi diýip, hytaý metbugaty habar berýär.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň syýasat, diplomatiýa, söwda, medeniýet, ynsanperwerlik we ynsan gatnaşyklary ugurlarynda ýokary derejeli we strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýandyklaryny aýtdy.

Hytaý Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri, Hytaýda 1400-den gowrak türkmen studenti okaýar, türkmen uniwersitetleriniň köpüsinde hytaý dilini öwrenip bolýar diýip, türkmen prezidenti belledi.

Berdimuhamedow iki ýurduň ýaragly güýçleriniň enjam tehnologiýasy, harby gullukçylary taýýarlamak we beýleki ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy güýçlendirip, täze ösüş bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürjekdigine umyt bildirdi.

Weý Hytaý-Türkmenistan gatnaşyklarynyň iki döwlet baştutanynyň strategiki ýolbaşçylygy astynda uly ilerleme gazanandygyny aýtdy we iki ýurduň harbylarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda yzygiderli ösýändigini we olaryň pragmatiki hyzmatdaşlygynyň günsaýyn çuňlaşýandygyny belledi.

Hytaýly resmi şol gün Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdiýew bilen hem duşuşdy we halkara, sebitara howpsuzlygy, şol sanda ukrain we owgan meseleleri barada içgin pikir alyşdy diýip, hytaý metbugaty habar berýär.

Türkmen metbugaty hem bu duşuşyk barada, umumy sözler bilen, gysgaça habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG