Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Göwnüňden çykaran "fitr sadakaňy" kime bermeli: ýerli häkimiýetleremi ýa-da gös-göni garyplaryň eline?


Baýram namazyndan soň metjitden çykyp gelýän täjigistanlylar

Täjigistanda jemagatlaryň we mähelläriň wekilleri mukaddes Remezan aýynda, ilatdan her kimiň bagyş eden fitr sadakalaryny ýygnaýarlar. Fitr sadakasy şu ýyl adam başyna 7 somoni mukdarda bellendi, ol köp girdejili maşgalalar üçin – 80 somoni.

Ýerli resmi wekilleriň aýtmagyna görä, olaryň elinde fitr sadakasyny aljak garyp maşgalalaryň, maýyplaryň we ýetimleriň sanawy bar. Käbir metjitlerde ymamlar namaza gelýän ýerli jemagatlara zekat (Yslamda her ýylda girdejiden gelýän hökmany salgyt, bu ýyl ol 875 somoni) bermeklige hem çagyryş edýärler.

Şeýle-de bolsa, käbir ýaşaýjylar özleriniň ýaşaýan toplumyny has gowy tanaýandyklaryny, göwünden çykaran sadakany kime bermelidigini bilýänini aýdýarlar, şonuň üçinem zekat we fitr sadakalaryny üçünji bir adamyň üstünden bermegi zerur hasaplamaýarlar. Beýlekiler bolsa, bu çäreleriň mejburydygyny aýdyp, bagyş edilen serişdeleri paýlamagyň aç-açanlygyna ynanmaýarlar.

«Fitr sadakany» kime bermeli?

Täjigistanyň Din işlerini, däpleri, dabaralary we dessurlary kadalaşdyrmak komitetiniň wekilleri özleri tarapyndan, haýyr-sahawat ýygnamak barada, hiç hili görkezmäniň berilmedigini aýdýarlar.

Bobojon Gafurow etrabynda H. Usmonowyň adyny göterýän jemagat toplumynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tuhtaboý Toýirow 26-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen gürrüňden bolanynda, “ilatdan zekat we fitr sadakalaryny ýygnamak we mätäçlere paýlamak barada tabşyryk alnandygyny” aýtdy.

Onuň sözlerine görä, zekat ýygnamak barada, eýýäm ýerli telekeçiler bilen gürrüň geçirilipdir. “Birnäçe etrap mejlisinde mätäçleriň sanawyny düzmek we ýazmaça görnüşde umumylaşdyrylan maglumat bermek tabşyryldy. Ymam hatyplar her gün agşam metjitde muny namaza gelenlere ýatladýarlar. Iş topary döredildi we haýyr-sahawat ýygnamak barada, biz hemme ýerde gürrüň geçirýäris" diýip, ol sözüne goşdy.

Garyp maşgalalaryň sany takyklanmaýar

Ýerli ilatdan biziň söhbetdeş bolan adamlarymyz metjitleriň ymamlary we mähelläniň ýolbaşçylary fitr sadaka ýygnamak işiniň jogapkärdigine jogap bermeli, jemagat edarasy pullary ýygnamaly we soňra jogapkär adamlar sanawlara görä, ony mätäçlere paýlamaly diýdiler.

Kä ýagdaýda ýaşaýjylar fitr sadakasy hökmünde ýygnan pullaryň nirä gidýändigini soraýarlar hem-de onuň paýlanyş işiniň näderejede adalatlydygy bilen gyzyklanýar. Ýerli ruhanylar bu pullaryň garyplara, mätäçlere hem-de ýetimler öýlerine beriljekdigini aýdýarlar.

Bohtar şäheriniň 14-nji mähellesindäki metjidiň ymamy Haýdar Safarow ýygnanan sadakalary garyplara paýlamagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu geçiriljek çäre ýörite komissiýanyň gözegçiliginde bolar. “Mätäçlere kömegiň dogry we açyk paýlanmagyny üpjün etmek üçin, komissiýa döredildi, onuň düzüminde mähelläniň başlygy, ýerli hökümediň we metjidiň wekilleri bar" diýdi.

Şeýle-de bolsa, dini gullukçy ýygnanan puluň mukdaryny ýa-da garyp maşgalalaryň sanyny görkezmedi, häzirki wagtda takyk maglumatynyň ýokdugyny we munuň diňe kömegiň paýlanan gününde belli boljakdygyny aýtdy.

Zekat we fitr sadaka çäreleri sosial mediada jedel döretdi. 26-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy özüniň Facebook sahypasynda “Zekat we fitr sadakaňyzy kime berýärsiňiz?” diýen mesele bilen pikir soralyşyk geçirdi. Jogaplar örän dürli boldy.

Mysal üçin, Rüstam Isoýew atly ulanyjy şeýle jogap berdi: "Raşt etrabynda adamlary mähelläniň başlygyna sadaka bermäge mejbur edýärler, ol bolsa sadakany jemagata tabşyrmaly, ondan soň näme ediljegini bilemok."

Başga bir ulanyjy Muhaýýo Şirinowa: “Bu nädogry. Her bir raýatyň zekat we fitr sadakasyny wezipeli adamlara däl-de, mätäçlere bermäge hukugy bar. Halky aldatmagy bes ediň, olar hiç haçan doýmaýar" diýip ýazypdyr.

Remezan aýynda haýyr-sahawat ýygnamak meselesini sosial media ulanyjylarynyň ara alyp maslahatlaşmagy ilkinji gezek däl. Käbir ýaşaýjylar meselä şeýle çemeleşmegiň adamlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmakdygyny aýdyp, kime haýyr-sahawat bermelidigini we kime bermeli däldigini özleriniň çözmäge hukugynyň bardygyny mälim edýärler.

Okuwçylaryň ene-atalaryna SMS-ler

Täjigistanyň Din işlerini, däpleri, dabaralary we dessurlary kadalaşdyrmak komitetiniň metbugat wekili Afşin Mukim Azatlyk Radiosyna komitetiň zekat we fitr sadakasyny ýygnamak barada, hiç hili anyk görkezme bermändigini aýtdy. “Ähtimal, bu ýerli derejede amala aşyrylýar, ýöne şonda-da beýle inisiatiwany mejbury ýagdaýda durmuşa geçirip bolmaz. Ymamlar öz wagyzlarynda şerigatyň kanunlaryna bil baglap, ýaşaýjylara garyplara we mätäçlere sadaka bermegi maslahat berýärler" diýdi.

Häkimiýetler mätäçler üçin ýygnalan sadakanyň mukdaryny yglan etmeýärler. Dört ýyl mundan ozal Täjigistanyň Dini meseleler boýunça komiteti tutuş ýurt boýunça 42 million somoni fitr sadakasynyň ýygnalandygyny we onuň ýurduň içindäki mätäçlere berlendigini habar berdi. Bu ýyl ilatyň sanynyň köpelendigi göz öňünde tutulsa, ýygnalýan sadakalaryň mukdary 50 million somoniden ýokary bolup biler.

Din işleri baradaky komitetiň wekilleri häzirki wagtda beýle statistika maglumatynyň ýokdugyny, onuň diňe ýerli häkimiýetlerden resmi hasabat alandan soň belli boljakdygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Remezan aýynda käbir mekdepleriň ýolbaşçylary hem okuwçylaryň ene-atalaryny mätäçlere kömek etmekde goşant goşmaga çagyrýarlar. Käbir liseýleriň we gimnaziýalaryň ýolbaşçylary okuwçylaryň hossarlaryna Remezan aýynda ýetimler öýlerine, maýyplara we garrylar öýlerine sadaka bermegini haýyş edip, SMS iberdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG