Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa, ABŞ resmileri Belarusyň Demokratik hereketi üçin tehniki hemaýaty maslahat etdiler


Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Birleşen Ştatlaryň Belarusda işleýän žurnalistlere we aktiwistlere berýän tehniki goldawyny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Tihanowskaýa bu barada Waşingtonda döwlet sekretary Antoni Blinken we ABŞ-yň beýleki ýokary derejeli resmileri we kanunçykaryjylary bilen geçiren gepleşiginden soň mälim etdi. Ol Belarusyň Demokratik hereketi üçin doly goldaw barada ynandyrylandygyny hem belledi.

Günbatar we Belarusyň oppozisiýasy Tihanowskaýanyň 2020-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyna ynanýarlar.

XS
SM
MD
LG